Welosiped sportuny wagyz etmekde Türkmenistanyň tejribesi Ginnesiň rekordlar kitabynda.

03.06.2018

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça Bütindünýä welosiped gününi esaslandyrmak hakynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň Rezolýusiýasynyň kabul edilmegi netijesinde dünýäniň sport, jemgyýetçilik hem-de habarlar toparlarynyň sagdyn durmuş ýörelgelerini, hususan-da, welosiped sportuny wagyz etmekde ýurdumyzyň tejribesine we türkmen Lideriniň şunda eýeleýän ornuna, şeýle hem geçirilýän degişli çärelere gyzyklanmalary has-da artdy. Ilkinji gezek bellenilýän Bütindünýä welosiped gününiň öňüsyrasynda, 1-nji iýunda döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi tarapyndan paýtagtymyzdaky köpugurly “Aşgabat” stadionynda welosport boýunça köpçülikleýin türgenleşik sapagy geçirildi, ony Ginnesiň rekordlar kitabynyň wekilleri welosport boýunça dünýäde guralan iň köpçülikleýin tälim beriş sapagy hökmünde hasaba aldylar.

Giň möçberli welosiped çäresine 3 müň 246 adam gatnaşdy, ýygnananlar okuw-türgenleşik sapagynyň barşynda welosiped sürmekde türgenleşdiler, ulagyň bu görnüşiniň häzirki zaman logistika şertlerinde eýeleýän orny barada maglumatlary hem-de şäherleriň köçelerinde welosipedi howpsuz sürmegiň kadalaryny özleşdirdiler.

Bu çäre Türkmenistanda ýörelgä öwrülýän meýilleriň ajaýyp beýany boldy, şäheriň ýaşaýjylary has peýdaly we ekologiýa taýdan amatly welosipedden peýdalanmagy maksadalaýyk hasaplaýarlar.

Türkmenistanda şeýle meýilleriň ösmegi daşary ýurt kompaniýalarynyň ençemesiniň ünsüni çekdi, olar şäherlerde welosiped ulagynyň düzümlerini ösdürmek bilen meşgullanýarlar. Fransiýanyň “SMOOVE” kompaniýasynyň wekilleri Aşgabatda hem-de «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda welosipedleri kärendä ulanmaga bermegiň awtomatlaşdyrylan ulgamlaryny ornaşdyrmagyň mümkinçilikleri bilen tanyşdylar. Olaryň pikirine görä, biziň ýurdumyzda welosiped sürmek üçin döredilen örän oňat şertler welosipedçileriň howpsuzlyk kadalaryna we şäherleriň ýol düzümlerine kybap gelýär.

Myhmanlaryň belleýişleri ýaly, häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Türkmenistanda sport köpçülikleýin häsiýete eýe bolup, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň baş nyşanyna öwrülýär. Welosport hem türkmenistanlylaryň durmuşynda aýratyn orun eýeledi, ähli ýaşdaky adamlar üçin elýeterli bolan ulagyň bu görnüşi saglyk üçin örän uly ähmiýete eýedir hem-de beden taýdan taplanmaga ýardam berýär.

BMG-niň Baş Assambleýasynyň 72-nji maslahatynyň 82-nji mejlisinde 3-nji iýuny Bütindünýä welosiped güni diýip yglan etmek hakynda Rezolýusiýanyň kabul edilmegi sport we bedenterbiýe-sagaldyş hereketini ösdürmek, jemgyýetde ekologiýa medeniýetini kemala getirmek, bu ulgamda döwletleriň hem-de halklaryň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça Türkmenistanyň eýeleýän öňdebaryjy ornuna dünýä bileleşiginiň ýokary baha berýändiginiň subutnamasydyr.

Döwlet Baştutanymyzyň sporta, ozaly bilen, ynsan saglygyny berkitmegiň iň gowy serişdesi hökmünde aýratyn uly üns bermegi milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan yzygiderli geçirilýän durmuş syýasatynda öz beýanyny tapýar, durmuşyň hiliniň ýokarlandyrylmagy, sagdyn hem-de belent ruhly nesli terbiýeläp ýetişdirmek üçin ähli şertleriň döredilmegi bu syýasatyň baş wezipesidir.

Geçen ýylyň sentýabr aýynda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň ägirt uly üstünlik bilen geçirilen Aşgabadyň Olimpiýa şäherçesinde häzirki zaman ýapyk welotregi bina edildi. Onuň welosiped ýodajyklary ähli ölçegler boýunça degişli halkara standartlara hem-de şunuň ýaly desgalara bildirilýän döwrebap talaplaryna laýyk gelýär.

Bu ýerde döredilen şertler iri halkara ýaryşlary, şol sanda dünýä çempionatlaryny guramaga mümkinçilik berýär. Welosiped toplumynyň çäginde ähli zerur düzümler — 6 müň orunlyk tomaşaçylar münberi, türgenler we tälimçiler, tehniki hem-de hyzmat ediş işgärleri üçin ýörite otaglar göz öňünde tutuldy.

Şeýlelikde, Olimpiýa şäherçesiniň binýadynda ýapyk welotregiň işe girizilmegi milli welosiped sporty hereketiniň taryhynda täze sahypany açdy, şunuň ýaly desga Türkmenistanda ilkinji gezek guruldy. Bu desganyň hiline diňe bir milli derejeli ýaryşlara hem-de “Aşgabat 2017” oýunlaryna gatnaşyjylar däl-de, welosipedçileriň Halkara birleşiginiň hünärmenleri hem ýokary baha berdiler we bu ýerde 2019-njy ýylda dünýä çempionatyny guramaga gyzyklanmalaryny beýan etdiler.

Ýurdumyzda geçirilmegi asylly däbe öwrülen “Sagdynlyk we bagtyýarlyk” şygary bilen guralýan bedenterbiýe-sport hem-de jemgyýetçilik-medeni çäräniň çäklerindäki welosiped boýunça Türkmenistanyň birinjiligi ozal görlüp-eşidilmedik gerime hem-de okgunly häsiýete eýe boldy.

Adam saglygyny, ozaly bilen bolsa, ösüp gelýän ýaş nesil hakdaky aladany döwlet ähmiýetli ilkinji wezipe hökmünde yglan eden hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketiniň hem-de ýokary netijeli sportuň ösdürilmegine guramaçylykly we okgunly häsiýet berdi. Ýurdumyzda geçirilýän giň möçberli welosiped ýaryşlary we çäreleri ýaşlaryň barha köp sanlysyny sportuň bu görnüşi bilen meşgullanmaga çekýär, bu çäreleriň ägirt uly gerimi bolsa türkmenistanlylarda sport döwleti hökmünde abraýyny artdyrýan ata Watanymyza belent buýsanç duýgusyny döredýär.

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň bagtyýar çagalaryna hem-de halkyna

01.06.2018

Mähriban halkym!

Berkarar döwletimiziň bagtyýar körpeleri!

Sizi tomus paslynyň ajaýyp günlerinde giňden bellenilýän Çagalary goramagyň halkara güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Parahatçylyk, dostluk, belent ynsanperwerlik ýörelgeleriniň çuňňur many-mazmunyny, aýratyn hem Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýokary döredijilik ruhuny özünde jemleýän bu halkara güni mynasybetli geçiriljek çäreleriň eziz Watanymyzyň ýaş nesillerine buýsanjymyzy has-da pugtalandyrjakdygyna berk ynanýaryn.

Berkarar döwletimiziň bagtyýar körpeleri Türkmenistan döwletimiziň at-abraýyny has-da belende galdyrjak merdana nesillerimiz, eziz Watanymyzyň gül-gunçalary, beýik geljegimizdir. Däp bolşy ýaly, her güni şan-şöhratly, taryhy ähmiýetli syýasy, ykdysady, medeni wakalara baý «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» ýylynda hem Çagalary goramagyň halkara güni biziň döwletimiziň Birleşen Milletler Guramasynyň çagalaryň hukuklary we bähbitleri baradaky esasy ýörelgelerine ygrarlydygyny, ýaş nesillerimiziň bagtyýar durmuşda ýaşaýandygyny alamatlandyrýan sene hökmünde giňden bellenilýär. Bu halkara gününiň ähmiýetini has-da artdyrmak, parahatçylyk söýüjiligimizi, dostlugymyzy, agzybirligimizi pugtalandyrmak hem-de milli ýörelgelerimizi rowaçlandyrmak maksady bilen, Aşgabat şäherinde, gözel tebigatymyzyň ajaýyp künjegine öwrülen Gökderede, at-owazasy dünýä ýaň salýan «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda, welaýatlarymyzdaky döwrebap çagalar sagaldyş merkezlerinde tomusky dynç alyş möwsümine badalga berilýär.

Mähriban çagalarymyzyň milli öwüşginli, baý mazmunly şirin aýdymlary, joşgunly sazlary, şadyýan gülküleri belentden ýaňlanyp, Türkmenistan Watanymyzyň, ajaýyp zamanamyzyň, gözel tebigatymyzyň waspy ýetirilýär.

Eziz watandaşlar!

Türkmen halky uzak taryhy döwürlerden bäri nesilleriň beden we ruhy sagdynlygyna, maşgala däplerine, edep-ekrama, adamkärçilige, pähim-paýhasa, zähmete uly ähmiýet berip gelýär. Merdana ata-babalarymyz bu mukaddes ýörelgeleri asyrlaryň dowamynda kämilleşdirip, baýlaşdyryp, nesillerden-nesillere geçirip gelipdirler. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe biz köklerini müňýyllyklardan alyp gaýdýan, agzybirligimiziň, pähim-paýhaslylygymyzyň, maşgala we terbiýe mekdebimiziň binýadyna öwrülen milli ýörelgelerimizi mynasyp dowam etdirýäris. Aň-bilim taýdan ösen, ruhy taýdan baý, beden taýdan sagdyn, eziz Watanymyzyň at-abraýyny, şan-şöhratyny has-da beýgeltjek nesiller üçin beýik geljegi gurýarys. Mährem enelerimiziň, bagtyýar çagalarymyzyň rahat, sagdyn, şadyýan durmuşda ýaşamagyna, hemmetaraplaýyn we sazlaşykly ösmegine, milli we umumadamzat ruhy gymmatlyklary esasynda terbiýelenmegine gönükdirilen milli maksatnamalarymyzy hem-de giň gerimli toplumlaýyn özgertmelerimizi üstünlikli durmuşa geçirýäris. Şu maksat bilen, paýtagtymyz Aşgabatda, welaýat merkezlerinde, ähli şäherdir obalarymyzda iň häzirki zaman enjamlary, multimedia we okuw-tehniki serişdeleri bilen üpjün edilen çagalar baglary, mekdepler, sport merkezleri, enelerimize we körpelerimize halkara derejesinde ýöriteleşdirilen saglygy goraýyş hyzmatlaryny amala aşyrýan «Ene mähri» saglyk merkezleri, Köpetdagyň sergin jülgelerinde, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda bolsa çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezleri bina edildi. Eziz Watanymyzyň abraýyny halkara derejesinde has-da artdyrýan taryhy ähmiýetli wakalar, gazanylýan üstünlikler kalbymyzda uly buýsanç duýgularyny döredýär, belent watansöýüjiligi we ynsanperwerligi terbiýeleýär.

Mähriban halkym!

Biz eneligi we çagalygy hukuk taýdan goramak, maşgala goldaw bermek, çagalarymyzyň beden, aň-bilim, ruhy, ahlak we döredijilik taýdan talabalaýyk ösüşini üpjün etmek meselelerine örän jogapkärli hem-de toplumlaýyn esasda çemeleşýäris. Çagalaryň saglygyny, hukugyny goramak, olara ahlak-demokratik ýörelgeler esasynda bilim-terbiýe bermek, zenanlaryň hem-de çagalaryň bähbitlerini we hukuklaryny goramak ugrunda Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasy bilen netijeli hyzmatdaşlyk edýäris, dünýä bileleşiginiň bu ugurdaky tagallalaryny birleşdirmäge çalyşýarys. Şunuň bilen baglylykda, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiz bu ugurda binýatlaýyn halkara hukuk resminamalarynyň birnäçesine — Çagalaryň ýaşaýşyny, goraglylygyny we ösüşini üpjün etmek boýunça Bütindünýä Jarnamasyna, Birleşen Milletler Guramasynyň çaganyň hukuklary hakyndaky Konwensiýasyna, Çagalaryň halkara derejede ogurlanmagynyň raýat jähetleri boýunça Gaaga Konwensiýasyna goşuldy. Biziň döwletimiziň 2018 — 2020-nji ýyllar üçin Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň Ýerine ýetiriji geňeşine hem-de 2018 — 2022-nji ýyllar üçin Birleşen Milletler Guramasynyň Zenanlaryň statusy boýunça komissiýasyna saýlanmagy Türkmenistanyň halkara giňişligindäki ornunyň ykrar edilýändigine we barha berkeýändigine aýdyň şaýatlyk edýär.

Mähriban halkym!

Berkarar döwletimiziň bagtyýar körpeleri!

Sizi Çagalary goramagyň halkara güni bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn!

Size berk jan saglyk, uzak ömür, asuda we abadan durmuş, egsilmez bagt, bedew bady bilen ösüşleriň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýan eziz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW

Turkmen