Türkmenistanyň «Türkmenistan» döwlet täjirçilik banky, bankyň müşderileriniň ählisiniň «Altyn asyr» bank kartlaryna «Cash back» bank hyzmatynyň 2020-nji ýylyň 2-nji ýanwaryndan birikdirilýändigini habar berýär.

«Cash back» bank hyzmaty – bu bank kartlary arkaly harytlar we hyzmatlar nagt däl görnüşinde satyn alnanda müşderiniň «Altyn asyr» bank kartynyň hasabyna tölenýän pul sylagy bolup durýar.

Bu bank hyzmaty Türkmenistanyň «Türkmenistan» döwlet täjirçilik bankynyň ähli müşderileriniň «Altyn asyr» bank kartlaryna* degişli bolup durýar.


Müşderilerimiz ýurdumyzyň söwda we hyzmat edýän nokatlarynda** harytlar we hyzmatlar üçin nagt däl görnüşinde töleg terminallary arkaly hasaplaşyklary geçirenlerinde, ähli geçirilen amallaryň 0,5 % derejesinde «Altyn asyr» bank kartlaryna pul sylagy görnüşde («Cash back») yzyna gaýtarylýar. Talyp haklary, esger haklary hem-de döwlet kömek pullary geçirilýän «Altyn asyr» bank kartlary boýunça «Cash back» hyzmatynyň pul sylagy 1 % derejesinde bellenilen. Bu barada jikme-jik maglumaty aşakdaky düwmä basyp alyp bilersiňiz.

Cashback

Pul sylagy her aýyň soňundan gelýän aýyň 5-ne çenli müşderilerimiziň bank kartlaryna geçirilýär.


* www.tnbk.tm resmi internet sahypada bellenilen MCC kodlara laýyklykda.

** Zähmet haky, pensiýa, döwlet kömek pullary, talyp we esger haklary geçirilýän “Altyn Asyr” bank kartlary hem-de “Maşgala” bank kartlary degişli. Telekeçileriň “Altyn Asyr” bank kartlaryna hem-de “Goýum bank kartlaryna” degişli däl.

Aşakdaky düwmä basyp, ýurdumyzyň söwda we hyzmat edýän nokatlarynyň görnüşleriniň (MCC kodynyň) sanawyny görüp bilersiňiz. Sanawda bellenilen söwda we hyzmat edýän nokatlarda töleg terminallar arkaly nagt däl görnüşinde hasaplaşan möçberiňizden «Cash back» hyzmatynyň degişli pul sylagy geçirilýär.

MCC kod

Hormatly müşderiler! Nagt däl hasaplaşyklaryň ähli amatlyklaryndan peýdalanyň!

Türkmenistanyň «Türkmenistan» döwlet täjirçilik bankynyň Merkezi edarasy boýunça habarlaşmak üçin telefon belgisi: 44-03-04

 

Turkmen