Esasy

Türkmenistanyň «Türkmenistan» döwlet täjirçilik banky - umumy milli möçberdäki döwlet bankydyr. Bank ýurdymyzda ykdysady syýasatyň kemala gelmegini üpjin edýär we bolup geçýän uly ykdysady ýagdaýlara täsir edýär hem-de ykdysady döwlet maksatnamalarynyň ösüşini netijeli durmuşa geçirýär. Bankyň ençeme aýratyn bölüm çylgamlarynyň bolmagy we öňde baryjy tehnologiýalardan peýdalanmagy, onuň ýurduň islendik ýerine elýeterli bolmagyny üpjin etmelidir.  

Hormatly Müşderiler!

Türkmenistanyň “Türkmenistan” DTB-y, 2017-nji ýylyň 31-nji dekabryna çenli, (zähmet haklary, geleşigiň pasportyny resmileşdirmek şeýle hem beýleki hasaplaşyklar boýunça) dynç günsiz hyzmat edýändigini habar berýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisini geçirdi

15.02.2017

Hormatly Prezidentimiz bilelikdäki mejlisiň gün tertibini yglan edip, ilki bilen döwlet Baştutanynyň ählihalk saýlawlarynyň jemlerini yglan etmek üçin Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň başlygy G.Myradowa söz berdi. Ol Türkmenistanyň Prezidentiniň ählihalk saýlawlarynyň jemleri barada habar berdi.

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň ýolbaşçysy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy ýokary döwlet wezipesine saýlanmagy bilen gutlap, türkmen halkynyň ählihalk saýlawlarynda mizemez agzybirlik we jebislik, ata-babalarymyzyň mukaddes wesýetlerine wepalydygyny görkezip, döwlet ösüşiniň geljekki ýolunda möhüm ädim ädendigini nygtady.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň başlygyna ýüzlenip, saýlawlaryň barşynda ýüze çykarylan kemçilikler bilen gyzyklandy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkara synçylary hem-de halklara guramalarynyň wekilleri tarapyndan edilen bellikler we teklipler baradaky soragyna jogap berip, Merkezi saýlaw toparynyň ýolbaşçysy düzümine 154 adam girýän halkara synçylar toparynyň Türkmenistanda saýlawlaryň ýokary guramaçylyk derejesinde, demokratik we bäsleşlik esasynda geçirilendigini kanagatlanma bilen belländiklerini aýtdy. Olar tarapyndan saýlawçylaryň saýlawlara işjeň gatnaşandygy nygtalyp geçildi.

Döwlet Baştutanymyz mejlisi dowam etmek bilen, Merkezi saýlaw toparynyň ýolbaşçysyna ýüzlenip, Ministrler Kabinetiniň adyndan saýlawlara taýýarlyk görmäge we onuň geçirilmegine işjeň gatnaşanlaryň ählisine minnetdarlygy beýan etmegi tabşyrdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow geçirilen ähli guramaçylyk çärelerini hem-de saýlawlara taýýarlyk görmek we geçirmek işleriniň barşyny içgin seljermek barada görkezme berdi. Eger-de saýlaw möwsüminde tehniki taýdan bökdençlikler emele gelen bolsa, ýakyn wagtda saýlawlary geçirmegiň düzgünlerini kadalaşdyrmak we olary halkara ölçeglerine laýyk getirmek bilen baglanyşykly teklipleri aýtmak zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz ähli teklipleriň içgin öwreniljekdigini hem-de olar maksadalaýyk tapylan ýagdaýynda milli kanunçylyga degişli üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek baradaky meselä garaljakdygyny aýtdy.

Soňra ýurdumyzyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky raýatlaryň meseleleri we günä geçmek boýunça teklipleri taýýarlamak baradaky toparyň başlygy Ý.Berdiýew iş kesilenleriň Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli günäsini geçmek hakyndaky Permanyň taslamasyny döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürledi.

Döwlet Baştutanymyz beýik ata-babalarymyzyň rehimdarlyk we ynsanperwerlik ýörelgelerinden ugur alyp, olary jeza çekmekden boşatmak ýaly sahawatly çäreleriň yzygiderli geçirilýändigini belläp, asylly däbe eýerip, ýurdumyzyň iş kesilen raýatlarynyň 828-siniň Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli günäsini geçmek hakyndaky Permana gol çekdi.

Soňra Mejlisiň Başlygy A.Nurberdiýewa ähli deputatlaryň adyndan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy ýokary döwlet wezipesine saýlanmagy bilen gutlady we ählihalk saýlawlarynyň ýurdumyzyň ösüşinde möhüm tapgyry alamatlandyrandygyny hem-de türkmen halkynyň saýlap alan döwlet ösüş ýoluna ygrarlydygyny tassyklandygyny nygtady.

Mejlisiň Başlygy halkymyzyň Arkadag Prezidenti bilen bitewüdigini äşgär eden saýlawlaryň türkmen jemgyýetini mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrmagyň, raýatlaryň döwlet işini dolandyrmakdaky ornuy ýokarlandyrmagyň, demokratik hukuklarynyň we erkinliginiň durmuşa geçirilmegini üpjün etmegiň ýolundaky möhüm ädime öwrülendigini belledi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow hökümet agzalarynyň adyndan döwlet Baştutanymyzy Prezident saýlawlarynda gazanan ynamly ýeňşi bilen tüýs ýürekden gutlady.

Wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysy sözüniň ahyrynda ähli hökümet agzalarynyň ýurdumyzyň gülläp ösmeginiň, halkymyzyň abadançylygynyň bähbidine, bellenilen giň möçberli meýilnamalaryň hem-de maksatnamalaryň üstünlikli amala aşyrylmagyna ähli ukyplaryny, güýç-gaýratlaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdy.

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri Ý.Berdiýew ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylarynyň adyndan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy geçen ýekşenbe güni geçirilen ählihalk saýlawlarynda ynamly ýeňiş gazanyp, ýokary döwlet wezipesine täzeden saýlanmagy bilen gutlady hem-de döwlet Baştutanymyza berk jan saglyk, uzak ömür, ähli ulgamlarda ýaýbaňlandyrylan özgertmeleriň durmuşa geçirilmeginde, mähriban halkymyzyň abadançylygynyň, ýurdumyzyň ykdysady ösüşiniň bähbidine alyp barýan giň möçberli işlerinde uly üstünlikler arzuw etdi.

Mejlise gatnaşyjylara aýdan gutlaglary we hoşniýetli sözleri üçin minnetdarlyk bildirip, döwlet Baştutanymyz gysgaça çykyş etdi.Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň ähli raýatlaryna ýüzlenip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň saýlaw uçastoklaryna gelip, saýlawlara gatnaşan hem-de ses beren ähli adamlara tüýs ýürekden çykýan minnetdarlygyny aýtdy. Munuň özi her birimiziň raýatlyk borjumyz bolup durýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Milli Liderimiz çykyşynyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynda özüni goldap, ses beren saýlawçylaryň ählisine aýratyn minnetdarlyk bildirdi. Döwlet Baştutanymyz bu gezekki saýlawlaryň jemleriniň bäş ýyl mundan ozal geçirilen saýlawlaryň netijelerinden has ýokary bolandygyny kanagatlanma bilen belledi. Bu netijeler geçen bäş ýylyň dowamynda uly üstünlikler gazanylandygyna, amala aşyrýan we alyp barýan tutumly işlerimiziň halkymyzyň jana-jan bähbitlerine gönükdirilendigine şaýatlyk edýär.

Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisiniň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlise gatnaşyjylara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, işde uly üstünlikler, ýurdumyzyň halkyna bolsa rowaçlyk arzuw etdi.

TDH

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

07.02.2017

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň döwlet durmuşynyň möhüm meselelerine bagyşlanan nobatdaky mejlisini geçirdi.

Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibini yglan edip, taryhy waka — Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 12-nji dekabry Halkara Bitaraplyk güni diýip yglan etmek hakyndaky Çözgüdi mynasybetli ýurdumyzyň halkyna ýüzlenme bilen çykyş etdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, bu şanly wakadan gelip çykýan tabşyryklary yglan etdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Rezolýusiýasy esasynda halkara maslahaty taýýarlamak we geçirmek tabşyryldy. Bu resminamada bellenilip geçilişi ýaly, milli bitaraplyk syýasaty degişli sebitlerde halkara parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmäge ýardam edip biler. Ählumumy derejede hem dünýäniň ýurtlarynyň arasynda parahatçylykly, dostlukly we özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmekde möhüm orny eýeläp biler.

Mejlisiň Başlygy A.Nurberdiýewa Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň täze Rezolýusiýasyndan ugur alyp, ýurdumyzda bellenýän baýramçylyk günleriniň sanawyna we bu günleri baýram edip bellemegiň tertibine degişli üýtgetmeleri girizmek barada teklipler aýdyldy.

Wise-premýer G.Mämmedowa ýurdumyzyň ähli köpçülikleýin habar beriş serişdeleri bitaraplyk meselesini giňden we yzygiderli beýan etmek, dünýäde resmi taýdan bitaraplygy ilkinji bolup ykrar edilen Garaşsyz Türkmen döwletiniň alyp barýan syýasatynyň Ýer ýüzüniň ähli ýurtlary tarapyndan doly goldanýandygyny açyp görkezmek tabşyryldy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýewe bolsa ähli bilim edaralarynda, mekdeplerde, institutlarda Türkmen bitaraplygynyň esaslaryny öwrenmek, bu ugurda jemgyýetçiligiň habardarlygyny ýokarlandyrmak boýunça çäreleri hökmany ýagdaýda geçirmek tabşyryldy.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow soňra mejlisiň gün tertibine geçip, onda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda ýanwar aýynda geçirilen işleriň netijelerine, döwlet durmuşynyň käbir möhüm meselelerine hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaljakdygyny aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz ilki bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamämmedowa söz berdi. Wise-premýer ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň makroykdysady görkezijileri hakynda hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, hasabat döwri halk hojalygynyň ähli pudaklarynyň okgunly ösüşi bilen häsiýetlendirildi.

Wise-premýer Türkmenistanyň 2016-njy ýylda durmuş-ykdysady ösüşiniň gutarnykly netijeleri barada hasabat berip, jemi içerki önümiň ösüş depgininiň 6,2 göterime deň bolandygyny, şol sanda senagatda 1,1 göterime, gurluşykda 4,3 göterime, ulag-aragatnaşyk pudagynda 10,7 göterime, söwdada 14,1 göterime, oba hojalygynda 9,9 göterime, hyzmatlar ulgamynda 10,4 göterime barabar bolandygyny habar berdi.

Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalary boýunça aýlyk iş haky 2015-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 9,2 göterim ýokarlandy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu ýylyň ýanwar aýynda ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň jemlerine, umuman, kanagatlanma bildirip, Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny okgunly ösdürmek, durmuş ulgamynyň mümkinçiliklerini pugtalandyrmak hem-de halkymyzyň durmuş derejesini ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly meseleleriň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe döwlet syýasatynyň esasy ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda goýulýandygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda okgunly ösüş derejesini saklamak maksady bilen toplumlaýyn çäreleriň görülmeginiň zerurdygyna ünsi çekdi.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň yzygiderli, ylmy esasda mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürilmeginiň geljek üçin meýilnamalaryny işläp taýýarlamagyň möhümdigini belläp, wise-premýere bu babatda anyk görkezmeleri berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ý.Kakaýew ýangyç-energetika toplumynyň kärhanalarynyň 2017-nji ýylyň birinji aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri hem-de Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň barşy barada hasabat berdi.

Nebitiň gaz kondensaty bilen çykarylyşynyň meýilnamasy 108,1 göterim, uglewodorod çig malyny gaýtadan işlemegiň meýilnamasy 107,6 göterim ýerine ýetirildi, şunda ösüş depgini 100,7 göterim üpjün edildi. Nebit önümleriniň birnäçesiniň öndürilişi boýunça meýilnamalar artygy bilen ýerine ýetirildi, şol sanda benzinleri öndürmegiň meýilnamasy 107,6 göterim berjaý edilip, ösüş depgini 100,1 göterime barabar boldy. Dizel ýangyjyny öndürmegiň meýilnamasy 109,8 göterim, polipropilen öndürmegiň meýilnamasy bolsa 102,6 göterim ýerine ýetirildi. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, çalgy ýaglaryny öndürmegiň ösüş depgini 100,7 göterime deň boldy. Guýulary burawlamak boýunça meýilnama 157,3 göterim ýerine ýetirildi.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda gurulýan gazhimiýa toplumlarynyň hem-de Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygyny hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Wise-premýere ýangyç-energetika toplumynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak we nebitgaz pudagy üçin ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamak babatda görkezmeler berildi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary R.Bazarow gözegçilik edýän pudaklarynda 2017-nji ýylyň ýanwar aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Tutuşlygyna alnanda, obasenagat toplumy boýunça önümçiligiň umumy möçberiniň ösüş depgini 104 göterime deň boldy. Şunda bu görkeziji Oba we suw hojalyk ministrligi boýunça 105,1 göterime, Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komiteti boýunça 104,6 göterime, “Türkmenatlary” döwlet birleşigi boýunça 106,6 göterime deň boldy. Azyk senagaty döwlet birleşigi boýunça bolsa ösüş depgini geçen ýylyň derejesinde saklandy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki döwürde ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynda bugdaýyň, gowaçanyň we beýleki ekinleriň bol hasylynyň düýbüni tutmak boýunça alnyp barylýan işleriň möhümdigine ünsi çekip, agrotehniki çäreleriň ylmy esasda alnyp barylmagyny ýola goýmagy tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz oba hojalyk ekinlerine, aýratyn-da ak ekinlere zyýan berijilere garşy göreşmekde işleri talabalaýyk ýola goýmagyň, bu babatda pudaklaýyn ylmy-barlag institutlarynyň işlerini kämilleşdirmegiň, degişli ugurda alymlaryň netijeli işleri alyp barmagynyň, ýerleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmagyň, suwaryş ýagdaýyny we suw üpjünçiligini gowulandyrmagyň ýurdumyzyň obasenagat toplumynda ýaýbaňlandyrylan özgertmeleriň möhüm ugry bolup durýandygyny belledi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Ereşow milli ykdysadyýetimiziň senagat toplumynda şu ýylyň birinji aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň senagat ulgamynda alnyp barylýan işleriň durnukly, täzeçil ösüşe, milli ykdysadyýetimiziň bäsdeşlik ukybynyň ýokarlanmagyna gönükdirilendigini belläp, ýurdumyzda öndürilýän senagat harytlarynyň dünýä bazarlaryndaky ornuny pugtalandyrmak üçin pudaklaýyn ösüş maksatnamalaryny, gaýtadan işleýän kärhanalary döwrebaplaşdyrmagyň, netijeli tehnologiýalary we täzeçil usullary ornaşdyrmagyň hasabyna ýokary hilli, eksporta niýetlenen önümleriň öndürilişini artdyrmagyň meýilnamalaryny ýerine ýetirmäge aýratyn ähmiýet berilmelidigini aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzda Aziada — 2017-niň geçirilmegine hemmetaraplaýyn taýýarlyk görmegiň zerurdygyna ünsi çekip, bu oýunlaryň diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, daşary ýurtlarda giňden wagyz edilmelidigini we mahabatynyň ýola goýulmalydygyny belledi hem-de ägirt uly sport çäresiniň degişli nyşanlary ýerleşdirilen dürli dokma önümleriniň görnüşlerini artdyrmak babatda wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary D.Amangeldiýew 2017-nji ýylyň ýanwar aýynda gözegçilik edýän düzümleriniň maliýe-ykdysady görkezijileri hem-de türkmen paýtagtyny abadanlaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, wise-premýere gözegçilik edýän düzümleriniň işine yzygiderli gözegçiligi ýola goýmagy, ösüş depginini ýokarlandyrmak üçin zerur şertleri döretmegi we ýokary önümçiligi üpjün etmegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzyň özboluşly keşbini kemala getirmek boýunça şähergurluşyk maksatnamasynyň yzygiderli ýerine ýetirilmeginiň möhümdigine aýratyn ähmiýet berip, döwrebap, ýokary hilli, köp zolakly köprüleri gurmagyň hasabyna ösen ýol-ulag düzüminiň döredilmegi, ähli meýilleşdirilen işleriň öz wagtynda ýerine ýetirilmegi, Aşgabadyň abadanlaşdyrylyşy we gök zolaklaryň döredilişi bilen baglanyşykly meseleleriň ýurdumyzyň baş şäheriniň ýokary derejesine kybap gelmegi babatda wise-premýere birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki döwürde Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna ykjam taýýarlyk görmek boýunça alnyp barylýan işleri nazara almak bilen, paýtagtymyzyň gözellik derejesiniň mundan beýläk-de gowulandyrylmagy üçin zerur çäreler durmuşa geçirilmelidir.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew gözegçilik edýän pudaklarynda şu ýylyň ýanwar aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça hasabat döwründe söwdanyň dolanyşygy 361,2 million manada, şol sanda bölek satuw haryt dolanyşygy 98,8 million manada, lomaý haryt dolanyşygy 262,4 million manada deň bolup, degişlilikde 2,8 we 0,7 göterim artdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, wise-premýere daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçiligini öndürilişini artdyrmak hem-de ýurdumyzyň eksport kuwwatyndan has-da netijeli peýdalanmak, dünýä bazarynda onuň eýeleýän ornuny pugtalandyrmak, döwlete dahylsyz kärhanalaryň önümçiligini ilerletmek üçin içerki mümkinçilikleri we daşary ykdysady ýagdaýlary seljermegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň telekeçiligiň tejribesini giňden peýdalanmagyň, ykdysady, innowasion ösüşi işjeňleşdirmegiň, ilatymyzyň abadançylygyny has-da ýokarlandyrmagyň wajypdygyny belledi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annameredow gözegçilik edýän ulag we aragatnaşyk ulgamlarynda 2017-nji ýylyň ýanwar aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Wise-premýer ulaglar we aragatnaşyk ulgamy tarapyndan hasabat döwründe 311 million manatlyk ýük, ýolagçy we aragatnaşyk hyzmatlarynyň ýerine ýetirilendigini habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň ulag ulgamynyň uly önümçilik kuwwatyna eýedigini, munuň bolsa ýük daşamagyň hem-de ýolagçy gatnatmagyň möçberlerini artdyrmaga mümkinçilik berýändigini belledi. Döwrebap ulag we üstaşyr düzüminiň döredilmegi, oňa täze çäkleriň çekilmegi diňe bir ýük dolanyşygynyň möçberleriniň artýandygyny aňlatman, eýsem, ählumumy ösüşiň ölçeglerine laýyk gelýär hem-de gadymy türkmen topragynyň gatnaw ýollarynyň çatrygy bolmak wezipesiniň üstünlikli ýerine ýetirilýändigini alamatlandyrýar.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz döwrebap ulag-aragatnaşyk ulgamyny ösdürmek meselesine ünsi çekip, bar bolan mümkinçiliklerden doly peýdalanmagy talap etdi we bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Mämmedowa şu ýylyň ýanwar aýynda gözegçilik edýän ulgamlaryndaky işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri tarapyndan ýurdumyzyň iri möçberli gazananlaryny, oňyn özgertmeleriň amala aşyrylmagyny beýan etmek boýunça işler üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, medeniýet ulgamynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işiniň üstünlikli ösdürilmeginiň wajypdygyny belledi, olar ýurdumyzda amala aşyrylýan taryhy ähmiýetli özgertmeleriň many-mazmunyny hem-de ähmiýetini döredijilikli hem-de anyk şöhlelendirmelidir.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda hem, daşary döwletlerde hem geçirilýän medeni çäreleriň ählisiniň ýokary derejede guralyp, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň döredijilik ruhuny beýan etmelidigini nygtap, bu babatda wise-premýere degişli anyk görkezmeleri berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew gözegçilik edýän ulgamlarynda şu ýylyň başyndan bäri geçirilen işleriň jemleri barada hasabat berip, mekdep okuwçylarynyň gyşky dynç alyş möwsüminde Gökderedäki çagalar sagaldyş merkezleriniň 14-sinde 3422, welaýatlaryň dynç alyş merkezleriniň bäşisinde 1376 çaganyň dynç alandygyny habar berdi.

2016—2017-nji okuw ýylynyň ikinji ýarymynyň başlanmagy mynasybetli ähli bilim edaralarynda dabaralar hem-de “Sagdynlyk we ruhubelentlik ýurdumyzyň ýaş nesilleriniň durmuş ýörelgesidir” diýen şygar bilen ilkinji sapaklar geçildi.

Ýanwar aýynda türkmen mekdep okuwçylary halkara ders bäsleşiklerinde üstünlikli çykyş edip, 2 kümüş we 2 bürünç medala eýe boldular. Hasabat döwründe okuw kitaplarynyň we gollanmalarynyň 9-sy neşir edildi.

Ýaşlary ylmy işlere ugrukdyrmak, ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamak, “Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2015—2020-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasyny” ýerine ýetirmek boýunça meýilnama laýyklykda, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy bilen Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň ýanynda 2017-nji ýylyň 27-nji ýanwarynda Ýaş alymlar merkezi döredildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýere öz gözegçilik edýän ulgamynyň ugurdaş edaralarynyň işleriniň guralyşyny işjeňleşdirmek we oňa çemeleşmeleri täzelemek boýunça görkezmeler berdi, şeýle hem döwlet ýaşlar syýasatyny durmuşa geçirmegiň möhüm ugurlaryny kesgitledi.

Döwlet Baştutanymyz ähli durmuş ugurly pudaklaryň toplumlaýyn ösdürilmegini üpjün etmegiň, ýokary hilli bilim bermegiň, jemgyýetçilik başlangyçlaryny goldamagyň zerurdygyny aýtdy. Şeýle-de, hormatly Prezidentimiz alymlarymyzyň tagallalarynyň ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryna täze tehnologiýalaryň we innowasiýalaryň ornaşdyrylmagyna, ylmy-tehniki döredijiligiň, amaly barlaglaryň ösdürilmegine hem-de häzirki zaman ylmynyň düýpli esaslarynyň kemala getirilmegine gönükdirilmelidigini aýratyn nygtady.

Döwlet Baştutanymyz Aziada — 2017-ä taýýarlyk görmegiň ileri tutulýan meselelerine wise-premýeriň ünsüni çekip, birnäçe ugurlar boýunça işleriň has okgunly häsiýetiniň üpjün edilmegini, bu işlere gatnaşýan edaralaryň we guramalaryň işlerini has utgaşykly ýola goýmagy talap etdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň “Halkara Bitaraplyk güni” atly Kararnamasynyň kabul edilmegi bilen döwlet Baştutanymyzy tüýs ýürekden gutlady.

Şunuň bilen baglylykda, bu senäniň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2015-nji ýylyň 12-nji dekabrynda paýtagtymyzda ýokary derejede geçirilen we Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk derejesiniň 20 ýyllygyna bagyşlanan halkara maslahatynda öňe süren başlangyjy esasynda ykrar edilendigi bellenildi. Mälim bolşy ýaly, Aşgabatda geçirilen halkara çäresine gatnaşyjylar bu teklibi biragyzdan goldap, onuň maslahatyň jemleýji resminamasynda berkidilmelidigini nygtadylar.

Wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksady bilen, geçen aýyň dowamynda ýerine ýetirilen işler barada hasabat berip, ýurdumyzyň giň halkara hyzmatdaşlyk ugruna eýermek bilen, ikitaraplaýyn bolşy ýaly, köptaraplaýyn görnüşde dostluk we netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny yzygiderli ösdürýändigini belledi.

Şeýle hem 1-nji ýanwardan başlap, Türkmenistanyň Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasynyň Başlygy hökmünde öz borçlaryna girişip başlandygy bellenildi.

Daşary işler ministrligi beýleki döwlet edaralary bilen bilelikde Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk boýunça giň möçberli işleri dowam edýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň wekilleriniň iri halkara guramalarynyň ýolbaşçylary, hususan-da, halkara Olimpiýa Komitetiniň, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň ýolbaşçylary we beýlekiler bilen duşuşyklaryň guralandygy bellenildi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň döwletara derejesinde bolşy ýaly, sebitara we halkara guramalarynyň hem-de düzümleriniň çäklerindäki netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de işjeň ösdürjekdigini, ählumumy parahatçylygyň, abadançylygyň we ösüşiň üpjün edilmegine gönükdirilen netijeli gatnaşyklary çuňlaşdyrjakdygyny belledi.

Daşary işler ministrliginiň we ýurdumyzyň diplomatik wekilhanalarynyň öňünde durýan möhüm wezipelere ünsi çekip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna ýurdumyzyň döredijilikli başlangyçlaryny we degişli çözgütleri, şeýle hem 12-nji dekabryň Halkara Bitaraplyk güni diýlip yglan edilmegini giňden wagyz etmek babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa ýurdumyzyň parlamentiniň şu ýylyň ýanwarynda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary bilen baglylykda kanunçylygy mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça alyp baran işleri hem-de şu ýylyň 12-nji fewralynda geçiriljek Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryna taýýarlyk görlüşi barada habar berdi.

Ýurdumyzyň Mejlisiniň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna, ýurdumyzyň Konstitusiýasynyň rejelenen görnüşine we döwletimiziň kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak baradaky toplumlaýyn maksatnama laýyklykda täze Kanunlary taýýarlamak boýunça işleri dowam etdirýändigi bellenildi. Ýanwar aýynda kanunçylyk resminamalarynyň 6-sy, şol sanda bir kanun we Mejlisiň bäş karary kabul edildi. Mejlisiň bäşinji çagyrylyşynyň şu ýylyň 4-nji fewralynda bolan on sekizinji maslahatynda kanunlaryň we beýleki kadalaşdyryjy-hukuk namalarynyň birnäçesi kabul edildi.

Mejlisiň Başlygy Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynyň geçirilmegini guramak meselesi barada durup geçip, onuň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek maksady bilen, milli parlamentiň wekilleriniň ýurdumyzyň sebitlerinde iş saparlarynda bolup, paýtagtymyzyň we welaýatlaryň saýlaw uçastoklarynda alnyp barylýan işler bilen tanşandyklaryny aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz habary diňläp, milli ykdysadyýetimiziň ähli ulgamlaryny we tutuş türkmen jemgyýetiniň durmuşyny okgunly ösdürmegiň bähbidine milli kanunçylygy mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň wajypdygyny belledi hem-de kanunçykaryjylyk ulgamynda halkara tejribesini hemmetaraplaýyn öwrenmegiň möhümdigini nygtady. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow deputatlaryň ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeleriň ilerledilmegine ýardam etjek tejribäni giňden öwrenmelidiklerini belledi.

Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet durmuşynyň käbir beýleki meselelerine hem garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisini jemläp, oňa gatnaşyjylara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny we uly üstünlikleri, Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýylynda berkarar Watanymyzyň ähli halkyna gülläp ösüş arzuw etdi.

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Aziaýa-2017-niň baş meýdançasynyň abadanlaşdyrylyşynyň barşy bilen tanyşdy

09.02.2017

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherjigine bardy hem-de Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Аziýa oýunlarynyň geçiriljek desgalarynda hem-de täsin toplumyň beýleki desgalarynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy. Olimpiýa şäherjiginde esasy desgalaryň gurluşygy tamamlandy.

Olimpiýa şäherjiginiň girelgesiniň öňünde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, V Аziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek baradaky Ýerine ýetiriji komitetiniň, “Polimeks” kompaniýasynyň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň häkimi garşyladylar.

Döwlet Baştutanymyz ýygnananlar bilen salamlaşyp, Olimpiýa stadionyna bardy we onuň ikinji gatyna galyp, eýwandan 45 müň orunlyk münberli sport desgasyny synlady. Desgany synlamagyň barşynda hormatly Prezidentimiz oýunlaryň resmi nyşany hökmünde bu köpugurly stadionyň çeperçilik bezegine öwrülen bedewiň şekiline aýratyn üns berdi.

Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, Aziadanyň nyşanlary milli özboluşlylygy, ýurdumyzyň medeni-taryhy aýratynlyklaryny, tebigat dünýäsini we halk däp-dessurlaryny beýan etmelidir. Taryhyň dowamynda alajanyň türkmenleriň durmuşy bilen berk baglanyşykly bolandygyny nazara almak bilen, Olimpiýa stadionynyň ýokarsynda, ahalteke bedewiniň boýnunda milli buýsanjymyz bolan alaja şekillendirilse, maksadalaýyk bolar, atyň kellesi şekillendirilen kompozisiýanyň bezegine ýüzärlik hem girizilse, ýerlikli bolar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we olimpiýa alawy üçin niýetlenen çanagyň bu otuň baldaklary bilen bezelmegini teklip etdi. Şol baldaklar bolsa öwşün atýan täji emele getirmelidir.

Halkymyzda dürli tumarlar hem giňden ýaýrapdyr, asyrlaryň dowamynda olara aýratyn ähmiýet berlipdir. Bu özboluşly tumarlar bize gadymy döwürlerden gelip ýetipdir hem-de häzirki güne çenli saklanyp galypdyr.

Olaryň arasynda ak we gara reňkli ýüplerden işilip ýasalan alaja aýratyn orun eýeleýär. Ýukajyk alajalar bilege, boýna dakylýar, egin-eşiklere çatylýar, olaryň has galyňlary bolsa öýüň içindäki diwara berkidilýär. Alajalar çagalaryň ellerine hem-de atlaryň boýnuna hem dakylýar. Häzirki wagtda alaja täze awtoulagyň ruluna hem daňylýar. Bu özboluşly tumarda adamy özüni alyp barmagyň belli bir düzgünleri, üstünlige bolan hyjuwy hem-de iň gowy isleg-arzuwlary jemlenendir. Wagtyň geçmegi bilen reňki babatda alajanyň görnüşi üýtgedi, onuň üsti täze reňkler bilen ýetirildi.

Şeýle hem türkmenler öýleriniň girelgesiniň ýokarsynda alaja bilen boglan, derde derman ýüzärlik ösümliginiň bir dessesini asyp goýýarlar. Ol Türkmenistanyň çäginde bitýän güýçli hem-de täsirli dermanlyk ösümligidir. Bu ösümlik barada gadymy “Awestada” hem ýatlanylyp geçilýär ( biziň eýýamymyzdan öňki VII-V asyrlar), onuň melhemlik häsiýetleri barada gadymy grek alymlary ýazyp geçipdirler.

Il arasynda ýüzärlik bu ot mukaddes hasaplanylýar. Ol öýi gözden-dilden, şum habardan goraýar. Bu ösümlik ähli howplaryň hem-de betbagtçylyklaryň, keselleriň öňüne böwet bolýar. Mysal üçin, goýy “arassalaýyş” tüssesini döretmek üçin peýdalanylýar. Häzirki zaman ylmy tarapyndan bu gadymy usulyň örän netijeli häsiýete eýedigi tassyklanyldy. Dürli halklarda dürli at bilen meşhur bolan ýüzärligiň tüssesiniň adamyň saglygy üçin howply bakteriýalaryň öňüni alýandygy hemmelere mälimdir.

Uly we möhüm işe başlamazdan öň, ýüzärlik ýakmak däbine eýerilip, olimpiýa çanagynyň alawy ýakylmazdan öň, ondan ak tüsse goýberilse, çuňňur many-mazmuna eýe bolar. Şu halatda ak tüsse biziň isleg-arzuwlarymyzyň päkligini, dostlugy hem-de özara gatnaşyklara ymtylmalarymyzy, ruhubelentligimizi alamatlandyrar.

Şeýle hem dürli dillerde dürli ýol görkezijileri, maglumat kitapçalaryny hem-de türkmen halkynyň medeni däp-dessurlary, onuň mirasy, Aziada-2017-niň nyşanlarynda beýan edilen çeper döredijiligiň aýratynlyklary, Olimpiýa şäherjiginiň we tutuş türkmen paýtagtynyň binagärlik bezegi barada gyzykly maglumatlar jemlenen kitapçalary taýýarlamak hem-de çap etmek tabşyryldy.

Döwlet Baştutanymyz açylyş we ýapylyş dabaralaryny dünýäniň iň gowy tejribesine daýanyp, ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegiň, şeýle hem dabaralary guramagyň milli aýratynlyklaryny nazara almak bilen, çäreleriň maksatnamasyny işläp taýýarlamagyň möhümdigini belledi.

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Turkmen