Daşary ýurt pullarynyň gatnaşygy 04.09.10
  Satyn alyş Satyş
USD 2.844 2.864
EUR 3.647 3.674
   

Has takygy

Pul dolanşygy

   Türkmenistanyň «Türkmenistan» döwlet täjirçilik bankynyň pul dolanyşygynyň işi  Türkmenistanyň Merkezi bankynyň 

1999-njy ýylyň 13-nji awgustyndaky 119 belgili gözükdirijisine  laýyklykda amala aşyrylýar.

   Türkmenistanyň «Türkmenistan» döwlet täjirçilik banky boýunça    kassalaryna gelýän nagt puluň möçberini 

kesgitlemek we  hyzmat edilýän müşderileri nagt pul bilen üpjün etmek üçin  kassa dolanşygynyň her çärýek üçin 

çaklamasy düzülýär. Munuň üçin, çärýek başlanmazyndan 35 gün öňünden bank tarapyndan eýeçiligiň ähli 

görnüşlerindäki edaralardan, kärhanalardan we guramalardan çärýeklik kassa  ýüztutmasyny talap edilýär. Şeýle 

hem, kassa ýüztutmasynyň esasynda zähmet haky üçin pul berilmegiň kalendar tertibi düzülýär we şol bir wagtyň 

özünde zähmet haky üçin goýberilýän nagt pullaryň berilmegine  bankyň hünärmenleri tarapyndan gözegçilik amala 

aşyrylýar.

   Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan bellenilen nagt puluň girdeji we çykdajy kassa dolanyşygynyň çaklamaşyny 

ýerine ýetirmek üçin «Türkmenbankyň» ähli şahamçalary boýunça her aýda seljerme geçirilýär. Netijede, nagt puluň iň 

köp möçberde gelmegini we onuň eýeçiligindäki ähli görnüşlerindäki edaralar, kärhanalaryň we guramalaryň harajatlary

 üçin bankyň kassasyndan bada-bat berilmegini üpjün etmek maksady bilen degişli çäreler durmuşa geçirilýär.

   Her ýyl birinji çärýek tamamlanmazyndan öň (1-nji marta çenli) hyzmat edilýän kärhanalaryň we guramalaryň ählisi üçin 

kassadaky nagt pul galyndysynyň  çägi bellenýär. Kärhananyň  haýyş etmegi boýunça kassadaky nagt  pul galyndysynyň 

çägine  ýylyň dowamynda gaýtadan seredilip bilner. Şonuň bilen bilelikde, hojalyk harajatlary we oba hojalyk önümlerini 

satyn almak üçin  bankyň kassasyndan nagt puly çek kitapçasy boýunça alyp harçlamagyň kadalary  bellenýär. Nagt puluň

 harçlanyşyna, ýagny onuň möçberiniň Türkmenistanyň  Merkezi banky tarapyndan 1997-nji ýylyň 1-nji maýynda bellenen

 ýokary çäklerinden artyk bolmazlygyna hemişelik gözegçilik edilýär. Ilatdan oba hojalyk  önümlerini satyn almak üçin 

jemgyýetçilik iýmitiniň döwlet  söwda kärhanalaryna we alyjylar jemgyýetlerine bankyň kassasyna tabşyrýan pulunyň 

30 göterimine çenli möçberi berilýär. Oba hojalyk önümlerini satyn almak üçin Türkmenistanyň Azyk senagaty 

assosiasiýasynyň taýýarlaýjy we gaýtadan işleýji kärhanalaryna olaryň hasaplaşyk hasaplaryna önüm ýerleşdirmekden 

gelýän puluň 50 göteriminden 60 göterimine çenli möçberi berilýär.

   Nagt puluň has köp mukdarda gelmegini üpjün etmek maksady bilen eýeçiligiň ähli görnüşlerindäki edaralaryň, 

kärhanalaryň we guramalaryň kassa düzgün-nyzamynyň doly we dogry berjaý edilişini we zähmet hakynyň maksada 

laýyk ulanylmagyny hünärmenler tarapyndan barlanyp durýarlar. Kassa düzgün nyzamynyň birnäçe gezek bozulan 

ýagdaýy ýüze çykarylan  halatynda, bu baradaky degişli maglumatlar bank tarapyndan salgyt gullugyna we edralaryň 

ýokary guramasyna hat üsti bilen habar berilýär. 

   Elektron resmi namalaryň dolanşygyny we töleg ulgamynyň netijeliligini artdyrmak arkaly nagt däl hasaplaşyklary has

 ösdürmek, pul serişdeleriniň dolanyşygyny çaltlandyrmak, söwda we hyzmatlar babatda olaryň hasabynyň ýöredilişini 

hem-de dolanyşygyna gözegçiligi kämilleşdirmek, şeýle hem milli pulumyzyň hümmetini ýokarlandyrmak maksady bilen 

Türkmenistanyň "Türkmenistan" döwlet täjirçilik bankynyň müşderileri bolan, hyzmat edilýän söwda edara-kärhanalarynda,

 ilata hyzmat edilýän nokatlarynda   “ALTYN ASYR” plastiki kartoçkalary üsti bilen hasaplaşyklary geçirilýän terminal

 enjamlary gurulýar. 

   «Türkmenistanyň milli pul birliginiň denominasiýasyny geçirmek (gymmatyny üýtgetmek) hakynda» Türkmenistanyň 

Prezidentiniň 2008-nji ýylyň 27-nji awgustyndaky PP-5161 belgili Permanyny ýerine ýetirmek maksady bilen 2009-njy ýylyň 

başyndan Türkmenbankyň hemme ulgamlary tarapyndan müşderleri bolan hemme eýeçilikdäki edara-kärhanalardan we 

raýatlardan köne nusgada bolan bonknotlary kabul edilýär. Şol bir wagtyň özünde bankyň kassa nokatlarynda manadyň  

köne nusgalaryny täze nusgalaryna alyş-çalyş edilýär.