Baş Täzelikler
Tomus möwsümi

   Işgärler bilen işleýiş müdirligi Aşgabat şäheriniň gözel ýerleriniň biri bolan  Köpetdagyň eteginde ýerleşýän “Gökdere” çagalar sagaldyş merkezine 3-nji tomus dynç alyş möwsiminiň başlandygyny habar berýär. Möwsüm 2009-njy ýylyň awgust aýynyň 6- syndan 20-si aralygynda bolar. Dynç alyş merkezi 1-nji we   2-nji möwsümde 125 sany, 14 ýaşa çenli oglanjyklary we gyzjagaşlary kabul etdi. Işgärleriň çagalary üçin ýollanmanyň bahasynyň ýarsyny bankyň kardeşler arkalaşygy tarapyndan tölenilýär.
   Şeýle- hem müdirlik bankyň işgärlerine Hazar deňzinde, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda ýerleşýän Türkmenistanyň Merkezi bankynyň buýurmasy esasynda gurulan “Hazyna” 5 ýydyzly kaşaň myhmanhanasynda dynç almaga mümkinçilik döredýär. Dynç alýanlara myhmanhana ýönekeý 1 adamlyk otaglardan başlap 4 adamlyk lýuks otaglaryny hödürleýär. Myhmanhanada dynç alýanlaryň hyzmatyna:
   1. Restoran
   2. Bar
   3. Lobbi bar
   4. Trenažor zaly
   5. Tennis korty
   6. Basketbol meýdançasy
   7. Sauna
   8. Içki suw howdany
   9. Daşky, açyk howada ýerleşýän suw howdany
   10. Kenar, duş bilen üpjün edilen meýdançalary hödürlenýär.
   Türkmenistanyň Merkezi banky bilen bileliikde, müdirlik işgärleriň hünär bilimi ýokarlandyrmak maksady bilen ýörite okuwlar geçirýär:
   1. Maliýe hasaby 1
   2. Dolandyryş hasaby 1
   3. Salgyt we hukuk 1
   Okuwlar Türkmenistanyň Gahrymany A.Nyýazow adyndaky ýöriteleşdirilen bank mekdebinde, şol mekdebiň mugallymlary we başga uly edaralaryň hünärmenleri tarapyndan geçirilýär.