Baş Täzelikler Täze belent ýaşaýş jaýy
Täze belent ýaşaýş jaýy

Türkmenistanyň „Türkmenistsn“ döwlet täjirçilik bankynyň
Düýpli maýa goýumlary müdirliginiň
Inžener-tehniki gözegçilik bölümi.

   Türkmenistanyň „Türkmenistsn“ döwlet täjirçilik bankynyň buýurmagy boýunça  «BVT Yapy Sistemleri Inşaat Sanaýi we Tijaret LTD Ş-ti» türk firmasy Aşgabat şäheriniň Garaşsyzlyk, 90 salgysynda 12 gatly 36 öýli ýerasty awtoduralgasy we ýanynyň dükany bolan ýaşaýyş jaýyny (III nobatdaky) gurdy. Desganyň gurluşygy 2004 ýylda tamamlandy we umumy mepdany 3400 m2 bolan 12 sany iki otagly we 24 sany üç otagly öýler bankyň öz işgärlerine paýlanyp berildi. Iki  gatly dükanyň umumy meýdany 770m2 (kömekçi jaýlar hasaba alnanda).
   Ýene-de şol potratçynyň gurmagynda Türkmenistanyň „Türkmenistsn“ döwlet täjirçilik banky üçin Garaşsyzlyk şaýoly, 58 salgysynda 12 gatly 35 öýli, ýerasty awtoduralgasy we iki sany dükany bolan ýaşaýyş jaýy (IV nobatdaky) bina edildi. Öýleriň umumy meýdany 3985 m2. Awtoduralganyň meödany 956 m2. Jaýyň gurluşygy 2004 ýylda tamamlandy. Ýaşaýyş jaýynyň öýleri (11 sany iki otagly, 23 sany üç otagly we 1 sany dört otagly öýler) arzalar boýunça bank işgärlerine berildi. Ýaşaýyş jaýynyň ýanynda gurlan iki sany dükanyň her biriniň umumy meýdany 682 m2 (ýerasty gat bilen).
    „Türkmenistsn“ döwlet täjirçilik bankynyň buýurmagy boýunça  «Sehil  Inşaat » türk firmasynyň potratçylygynda Bitarap Türkmenistan şaýolunyň ugrunda 12 gatly 35 öýli ýerasty awtoduralgasy bolan ýaşaýyş jaýlarynyň ýene biri (V nobatdaky) guruldy. Bu ýaşaýyş jaýynyň öýleriniň umumy meýdany 5535 m2. Jaýda 11 sany üç otagly, 18 sany dört otagly we 6 sany bäş otagly öýler bar. Ýaşaýyş jaýynyň gurluşyk işleri 2008 ýylda tamamlanansoň jaýyň öýleri bankyň işgärlerine gelen arzalar boýunça paýlanyp berildi.
   „GAP Inşaat“ türk firmasynyň potratçylyk etmeginde „Türkmenistsn“ döwlet täjirçilik bankynyň buýurmagy boýunça Türkmenbaşy şaýolunyň ugrunda 12 gatly 33 öýli belent ýaşaýyş jaýy (VI nobatdaky) bina edildi. Ýaşaýyş jaýynda jemi 6 sany üç otagly we 27 sany dört otagly öýler bolup, olaryň umumy meýdany 5492 m2. Binanyň gurluşygy 2008 ýylda tamamlandy we şol ýyl hem ýaşaýyş jaýynyň öýleri bankyň öz işgärlerine berildi. Awtoduralganyň meýdany 1658 m2.
   Türkmenistanyň „Türkmenistsn“ döwlet täjirçilik bankynyň buýurmagy boýunça  «Sece  Inşaat » türk firmasynyň potratçylygynda Bitarap Türkmenistan şaýolunyň ugrunda ýerasty awtoduralgasy bolan 12 gatly 35 öýli belent ýaşaýyş jaýynyň (VII nobatdaky) gurluşygy alynyp baryldy. Ýaşaýyş jaýynyň gurluşygy 2009 ýylda tamamlandy. Jaýyň umumy meýdany 5865 m2 bolan 11 sany üç otagly, 23 sany dört otagly we 1 sany 6 otagly öýleri arzalar boýunça bankyň öz işgärlerine berildi.
   Bitarap Türkmenistan şaýolunyň ugrunda Türkmenistanyň „Türkmenistsn“ döwlet täjirçilik bankynyň buýurmagy boýunça gurlan ýene-de bir ýaşaýyş jaýynyň gurluşygy «Polimeks» türk firmasynyň potratçylygynda alynyp baryldy. Bu 12 gatly 72 öýli, iki girelgeli, ýerasty awtoduralgaly ýaşaýyş jaýynyň (VIII nobatdaky) öýleriniň umumy meýdany 11004 m2 we 50 sany üç otagly we 22 sany dört otagly öýden durýandyr. Binanyň gurluşyk işleri 2009 ýylda tamamlandy we jaýyň öýleri bankyň işgärlerine paýlanyp berildi.

   Umuman, 2001 ýyldan bäri Türkmenistanyň „Türkmenistsn“ döwlet täjirçilik bankynyň buýurmagy boýunça 6 sany 12 gatly belent ýaşaýyş jaýy guruldy. Olaryň öýleriniň umumy meýdany 35 281 m2. (Jemi 246 öý).

   Türkmenistanyň „Türkmenistsn“ döwlet täjirçilik bankynyň Düýpli maýa goýumlary müdirliginiň Inžener-tehniki gözegçilik bölümi kärhanalaryň haýyşy boýunça Düýpli gurluşykda hem Düýpli abatlaýyş işlerinde gurluşyk-gurnama işleriniň ölçeglerini geçirmek boýunça tölegli inžener hyzmatlaryny ýerine ýetirýär.
   Bankyň hyzmatlary üçin töleg gurluşyk işleriniň möçberine görä 3 göterimden 8 göterime çenlidir.