Baş Täzelikler Reformanyň ýoly bilen
Reformanyň ýoly bilen

   2009-nji ýylyň mart aýynyň 6-na Türkmenistanyň Ýaşullarynyň maslahatynyň mejlesinde kabul edilen Türkmenistanyň “Durmuş taýdan üpçünçilik hakyndaky” kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakyndaky kanuna Türkmenistanyň Prezidenti gol çekdi. Kanuna girizilen üýtgetmeler Türkmenistanyň  “Türkmenistan” DTB-na hem täsir etdi.
   2009-njy ýylyň iýul aýynyň 1-den Türkmenistanyň  “Türkmenistan” DTB-y çaga doglanda we oňa seretmek boýunça berilýän kömek pullary 27-28 göterim köpelen möçberinde töläp başlady.Çaga seretmek boýunça berilýän kömek pullaryny tölemek boýunça iki sany üýtgetmeler girizildi.Kömek pulyň möçberi 55 manatdan 77 manat 50 teňňä çenli köpeldi we kömek pullaryny tölemegiň dowamlylygy 1.5 ýaşdan 3 ýaşa çenli uzaldyldy.
   Bu üýtgetmeleriň täsiri şu wagtky kömek puluny alýan çagalara degişli bolman,2006-njy ýylyň iýul aýynda doglan çagalara hem degişli.Şeýle hem 2009-njy ýylyň iýul aýynyň 1-den maýyplyk kömek pulunyň möçberi hem ortaça 28 göterim köpeldi,çagalykdan maýyplaryň kömek pulunyň möçberi 1.5 esse köpeldi.Maýyplyk boýunça berilýän kömek pullarynyň minimal we maksimal möçberi ýokarlandy.