Baş Şahsy müşderiler üçin
Daşary ýurt pullarynyň gatnaşygy 04.09.10
  Satyn alyş Satyş
USD 2.844 2.864
EUR 3.647 3.674
   

Has takygy

Goýumlaryň görnüşi

    Türkmenistanyň durmuş-ykdysady  özgertmeleriniň  2020-nji ýyla çenli döwürde Baş maksatnama laýyklykda, döwletiň maýa goýum syýasatynyň esasy wajyp meselesi hökmünde ilatyň pul serişdelerini jemlemek bolup durýar. Türkmenistanyň “ Türkmenistan” DTBşahsy goýumlar bilen işlände “Täjirçilik banklary we bank işi” diýen kanunyndan ugur alýar.
    Bank goýumlardyr, depozitler görnüşde ilatdan pul süýşirintgilerini kabul edýär, şolar hem bank serişdeleriniň esasy çeşmesi bolup hyzmat edýär. Üstesine-de bank pul serişdelerini netijeli dolandyryp, olaryň aýawly saklamagyny üpjün edýär, goýumçylara ýöriteleşdirlen hyzmat edýär we goýan maýasy üçin düşýän girdejini almak mümkinçiligini berýär.
    Ilatyň süýşirintgilerini ýygnamak häzir amallaryň iň möhüm görnüşleriniň birine öwrüldi.
    Banklaryň iş tejribesinde ulanylýan goýumdyr deposit hasaplaryň görnüşleri juda köp dürlidir, Häzirki wagt olaryň sany has hem köpelýär.Bu ýagdaýlar ýokary bäsleşikli bazar şertlerde banklaryň ilatyň dürli toparlarynyň bank hyzmatyna bolan islegini kanagatlandyrmak netijesinde bolup geçýär.
    Bank goýumçylara goýlan pul serişdelere göterim görnüşde girdeji töleýär. Bankyň goýumçylary bolup Türkmenistanyň raýatlary, şeýle hem daşary yurt raýatlary bolup bilýärler.Goýumçylaryň goýan goýumyndan göterim görnüşde girdeji almaga, şonuň ýalyda nagt we nagt däl görnüşde kanunalaýyk hasaplaşyk ýöretmäge hukugy bar.
    Goýumda göterim görnüşde gelen girdeji salgyda çekilmeýär.
    Bank müşderileriň öňünde goýum hasaplary boýunça syr saklamaklygy borç edinýär.
    Türkmenistanyň” Türkmenistan” DTB-da şu günki günde goýumlaryň aşakdaky görnüşleri bar:
 
1) Raýatlar üçin
 

 Möhletli 3 aýlyk ýyllyk göterim tölemek şerti bilen

 Möhletli 6 aýlyk  ýyllyk göterim tölemek şerti bilen

 Möhletli 12 aýlyk  ýyllyk göterim tölemek şerti bilen


2) Pensiýa ýaşyna ýeten raýatlara
   
3 aýlyk ýyllyk göterim tölemek şerti bilen
6 aýlyk ýyllyk göterim tölemek şerti bilen
12 aýlyk ýyllyk göterim tölemek şerti bilen

3) Talyplara hödürlenýän goýum
  
 3aýlyk ýyllyk göterlm tölemek şerti bilen 
 6 aýlyk ýyllyk göterlm tölemek şerti bilen

4) Beýik watançylyk urşuna gatnaşan raýatlar üçin
   
6aýlyk ýyllyk göterim tölemek şerti bilen
12 aýlyk ýyllyk göterim tölemek şerti bilen



    Häzirki wagtda goýumyň ähli görnüşleri babatda täze taslamalar düzülip taýýarlanylýar.Şeýle hem gündelik işde goýumçylaryň islegleri öwrenilip , olaryň isleglerini goýum amallary geçirlende göz öňünde tutulýar. Mundan başgada goýumçylaryň isleglerinden gelip çykýan teklipleri göz öňünde tutup , goýumlaryň täze görnüşlerini girizmeklige uly işler alnyp barylýar. Bu bolsa ýylyň dowamynda Türkmenistanyň : Türkmenistan” DTB-nyň goýumlar we depozitler baradaky syýasatyny has-da giňeldýär hem-de bu ugurda gazanylan üstünlikleri has-da berkidip , ýokary derejede ýetmeklige bankyň öňünde goýan maksatlary bolup durýar.
    Bu syýasat Türkmenistanyň ykdysadyýet syýasatyna gabat gelip , ýurdumyzyň geljekde gülläp ösmegine, adamlaryň ýaşaýyş derejeleriniň ýokarlanmagyna şeýle hem ykdysadyýetimiziň mundan beýläkde ösmegine uly goşant goşar.

    Bulardan başgada  Türkmenistanyň raýatlarynyň 130 müň golaýyna pensiýa we döwlet kömek pullaryny berip,önaýly hyzmatlar edýär  Olar şu aşakdakylardan ybarat:


1) Zähmet pensiýa puly
2) Maýyplyk puly
3) Ekleýjisini ýitirenligi sebäpli hemaýat puly
4) 1.5 ýaşa çenli çaga puly
5) Birwagtlaýyn çaga kömek puly
6) Durmuş taýdan kömek puly
7) Ak-goýun-62 ýaş puly