Baş Bank barada maglumat
Daşary ýurt pullarynyň gatnaşygy 04.09.10
  Satyn alyş Satyş
USD 2.844 2.864
EUR 3.647 3.674
   

Has takygy

Bankyň gurluş düzümi

Guramaçylyk gurluşy we dolandyryş ulgamy

 

   Öňde goýlan baş maksatlar we wezipeler guramaçylyk gurluşyna hem-de dolandyryş ulgamyna üýtgetmeleriň girizilmegini talap edýär. Bank dolandyryş ulgamynyň gurluşlaýyn halkalarynyň arasynda wezipeleri hem-de ygtyýarlyklary deňagramly hem-de ygtybarly paýlamaga çalyşar. Bu bolsa öňde goýlan wezipeleriň has az çykdajylar hem-de töwekgelligiň kabul ederlikli derejesi bilen ýerine ýetirilmegine mümkinçilik berer.
   Ösüşiň baş ugruny, gurluşlaýyn syýasaty, töwekgellik etmegi merkezleşdirip, dolandyrmagyň bitewliligini saklamak bilen gös-göni müşderiler bilen işleýän bölümleriň ygtyýarlyklaryny giňelder. Guramaçylyk gurluşy we aýratyn şahamçalar sebitiň aýratynlyklaryny hem-de müşderileriň isleglerini nazara tutup amatlaşdyrylar.

 

Guramaçylyk gurluşy.


   Önümleriň we hyzmatlaryň çäginiň giňelmegi, bank amallarynyň möçberleriniň artmagy, müşderilere hyzmat etmegiň düzgünlerine üýtgetmeleriň girizilmegi birnäçe wezipeleriň bölünmegini we täze gurluşlaýyn bölümleriň döredilmegini talap edýär. Sebitde ep-esli mümkinçiligi bolan işewürligiň ugurlaryny ösdürmek üçin welaýat bölümleri uly özbaşdaklygy aldylar. Marketingiň sebitara bazarlarynyň gurluşyny, müşderileriň talaplaryny öwrenmeklige, bank önümlerini we hyzmatlaryny işläp taýýarlamaga hem-de kämilleşdirmäge gönükderilen bir bitewi ulgam döredildi.
   Müşderilere önümleriň hem-de hyzmatlaryň dürli görnüsini teklip edýän şahamçalaryň hereketini utgaşdyrmak bankyň gurluşyny üýtgedip guramakda ähtibarly ugur bolmagynda galýar.
   Baş bank dolandyrmagyň netijeliligini ýokarlandyrmak, gurluşlaýyn syýasaty we töwekgellik etmek ulgamyny hem-de bankiçre maliýe akymlarynyň hereketini kämilleşdirmek babatda yzygiderli işler alyp barýar. 
   Dolandyrmagyň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin meýilnamalaşdyrmagyň, býüjetleşdirmegiň, töwekgellik etmegiň, aktiwleri–passiwleri, salgyt meýilnamasyny dolandyrmagyň esasy wezipeleri bellenildi. Bölümlere berilýän ygtyýarlyklaryň möçberiniň artmagy bilen baglanyşyklykda gözegçilik we içerki auditiň wezipeleri güýçlendiriler. Töwekgellikleri has azaltmak maksady bilen amallary geçirmegiň, olary resmileşdirmegiň we hasaba almagyň, töwekgelligiň we gözegçiligiň çäklerini bellemek babatda wezipeleri gurluşlaýyn paýlamak boýunça işler dowam etdiriler.
   Bankyň işiniň täze görnüşlerini ösdürmek boýunça anyk wezipeleriň çözülmegine gözükdirilýän maksatlaýyn taslaýjy toparlary döretmek tejribesi mundan beýläk-de ösüşe eýe bolar.  
Müşderileriň isleglerini kanagatlandyrmak we bank işiniň däp bolan görnüşlerine degişli bolmadyk biznesiň aýry-aýry ugurlaryny ösdürmek maksady bilen, bank golçur kärhanalaryň döredilmek mümkinçiligini aradan aýyrmaýar, bu iş diňe ykdysady taýdan maksada laýyklyk esasynda geçiriler.


Ulgamyň şahamçalary.


   Bankyň ýaýbaňlanan şahamçalary şu dört basgançakly gurluşyň saklanylmagynyň zerurlygyny kesgitleýär: Baş bank, welaýat şahamçalar (dolandyryş edarasy), şahamçalar, agentlikler.  
   Bankyň bölümleriniň işini sazlaşdyrmak boýunça geçirilýän işler dowam etdiriler, bankyň täze bölümlerini açmak boýunça alnyp barylýan işler hem mundan beýläk ýaýbaňlandyrylar. Bu bolsa Bankyň hasaplaşyk ulgamynyň işini kämilleşdirmek, häzirki zaman tehnologiýany we awtomatlaşdyryş serişdelerini ornaşdyrmak, bölümleri we aýratyn bölümleri, aktiwleri we passiwleri, Bankyň işgärlerini dolandyrmagyň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin täze mümkinçilikleri döreder.
   Bank aýratyn bölüm düzümleri saklamak, çykdajylary ahtibarlaşdyrmak boýunça işleri dowam etdirer (hyzmat etmegiň ölçeglerini ornaşdyrmak, iş tertibini üýtgetmek we şoňa meňzeşler). Şahamçalaryň düzümleriniň işini oňaýlaşdyrmak boýunça işler sebitdäki ilatyň gürlüginiň we sanynyň görkezijilerini, Bankyň bir aýratyn bölüminde hyzmat edilýän müşderileriň sanyny, müşderileriň aýratyn bank önümlerine we hyzmatlaryna bolan isleglerini nazara almak bilen ykdysady we durmuş ýagdaýlar göz öňünde tutulyp geçiriler.