|
Banky ösdürmegiň ýörelgesi |
Türkmenistanyň “Türkmenistan” DTB-nyň 2012-nji ýyla çenli ösüş ugurlary. 2000-nji ýylyň dekabr aýynda “Türkmenistan” aksioner täjirçilik banky “Türkmenistan” döwlet täjirçilik bankyna öwrüldi. Häzirki wagtda Türkmenbankyň 23 sany şahamçasy bolup, Türkmenbank ykdysady we jemgyýetçilik ösüşiniň durmuş üpjünçiligi, söwda we býujet ýaly möhüm pudaklaryna hyzmat edýär we ýurdumyzda içerki bazaryň esli bölegini eýeleýär. Türkmenbankyň esaslyk maýasynyň yzygiderli artmagy bankyň ygtybarly dolandyrylýandygynyň we günsaýyn kuwwatlanýandygynyň şaýadydyr. Türkmenbankyň ykdysady kuwwatynyň yzygiderli artmagy, banky dolandyrmak babatdaky syýasy ugurlarynyň dogry saýlanylyp alynandygyny we bazar ykdysadyýeti bilen baglanşykda yzygiderli kämilleşdirilýändigini aňladýar Türkmenistanyň “Türkmenistan” döwlet täjirçilik bankynyň 2012-nji ýyla çenli ösüş ugurlary Türkmenbanka mahsus bolan kadalylyga we yzygiderlige esaslanar.  1-nji suratda Türkmenistanyň “Türkmenistan” DTB-nyň esaslyk maýasynyň yzygiderli artýandygy görünýär. Suratda 2012-nji ýylda Türkmenbankyň esaslyk maýasynyň toplanylmaly möçberleriniň iň pes möçberleri bellenilen. Türkmenbank her ýylda gazanylan peýdanyň bankyň özünde galýan möçberiniň 30-40 %-i esaslyk maýany artdyrmaga gönükdirmek arkaly esaslyk maýasynyň yzygiderli artmagyny üpjün eder. Munuň özi Türkmenbankyň ygtybarlylygyny we töleg ukyplylygyny ýokary derejelerde saklamaga mümkinçilik berer.
|