Daşary ýurt pulundaky amallar depertamenti.
Ýurdumyz beýik Galkynyş hem täze özgertmeleriň zamanasynda ykdysadyýetde uly üstünliklere ýetdi. Türkmen manadynyň daşary ýurt puluna bolan ýeke-täk hümmetini sakalamak ugrundaky tagallalar, milli pulumyzyň denominasiýasynyň geçirilmegi, durnuklaşdyryş gaznasynyň döredilmegi, alnyp barylýan beýleki işleriň ählisi ýurtda adam hakyndaky aladanyň netijesidir.
Türkmenistan döwletimiz tarapyndan geçirilýan dürli ykdysady forumlar we sergiler muňa aýdyň mysal bolup durýar. “Türkmenistan” Döwlet täjirçilik bankynyň müşderleri hem ýurt tarapyndan geçirilýan sergilere gatnaşyp, şolarda daşary ýurt haryt öndürijiler bilen iki tarapa peýdaly, amatly şertnamalara gol çekişýarler. Bank öz tarapyndan:
- Türkmenistanyň rezidentlaryň döwlediň öňünden goýulan borçlaryna, içki daşary ýurt pulunyň bazarynda-daşary ýurt puluny satmak boýunça gözegçiligi amala aşyrýar;
- daşary ýurt pulundaky eksport-import sertnamalar boýunça töleg tabşyrygnamalaryň subutnamalaryň barlagyny gözegçilikde saklaýar;
- doly maglumat hasabaty we hasabatlylygy daşary ýurt amallarynda we rezident däl müşderleriň amallaryny Türkmenistanyň milli pulunda geçirýän amallarynyň gözegçiligini instruktiw materiallar boýunça alyp barýar.
Daşary ýurt pulunda geçirilýän amallardan gelýän girdeji artýar. Oňa mysal edip daşary ýurt pulunyň alyş-çalyş nokatlaryny görkezmek bolýar.
Şu wagt Türkmenistanyň “Türkmenistan” DTB-da 28 sany alyş-çalyş nokady işleýär. Şol sanda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda täze 2-sany alyş-çalyş nokady işläp başlady. Olaryň biri “Hazyna” myhmanhanasynda, ikinjisi bolsa “Kerwen” myhmanhanasynda ýerleşýär. Soňky nokady Aşgabatda ýerleşýän “Grand_Hotel Türkmen” myhmanhanasynda şu ýylyň başynda açyldy. Türkmenistanyň ”Türkmenistan” DTB-nyň “Diýar” şahamçasynda ýerleşýän alyş-çalyş nokady gije-gündiz işleýär.
Geçen ýylyň ýanwar aýy bilen deňeşdiremizde daşary ýurt pulunyň satylyşy 2 göterim artdy.