03.09.2020

Hormatly raýatlar!

Türkmenistanyň «Türkmenistan» döwlet täjirçilik banky, Şanly Garaşsyzlygymyzyň 29 ýyllygy mynasybetli aksiýa yglan edýär!

Türkmenistanyň «Türkmenistan» döwlet täjirçilik bankynyň «Altyn asyr» bank kartyny saklaýjy müşderileri üçin, Şanly Garaşsyzlygymyzyň 29 ýyllygy mynasybetli, 2020-nji ýylyň sentýabr aýynyň dowamynda ýurdumyzyň mebel, öý hojalyk we durmuş enjamlaryny satýan dükanlarynda bank tarapyndan gurnalan töleg terminallary arkaly nagt däl görnüşinde hasaplaşyklar geçirilende, «Altyn asyr» bank kart hasaplaryna berilýän pul sylagynyň («Cash back») möçberini 3 göterim möçberinde ýokarlandyrýandygyny habar berýär.

Hormatly adamlar!

Nagt däl hasaplaşyklaryň ähli amatlyklaryndan peýdalanyň!

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

04.09.2020

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Oňa welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri hem çagyryldy. Mejlisiň barşynda şu ýylyň sekiz aýynda Hökümetiň alyp baran işleriniň jemleri jemlenildi, degişli hasabatlar diňlenildi, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň wajyp meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibine geçip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikowa söz berdi. Wise-premýer hasabat döwründe gazanylan makroykdysady görkezijiler barada hasabat berdi. Olar ähli pudaklarda durnukly ösüşiň üpjün edilýändigini görkezýär.

Geçen sekiz aýyň dowamynda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyzyň ykdysadyýetini okgunly ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde oňyn netijeler gazanyldy.

Ýanwar-awgust aýlarynda, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önüm 4,4 göterim artdy.

Sekiz aýyň dowamynda bölek satuw haryt dolanyşygy, geçen ýylyň degişli döwrüne garanyňda, 19,4 göterim artdy.

Hasabat döwrüniň jemleri boýunça Döwlet býujetiniň girdeji böleginiň meýilnamasy 109,1 göterim we çykdajy böleginiň meýilnamasy 92,4 göterim ýerine ýetirildi.

Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky 2019-njy ýylyň degişli döwrüne görä, 10,4 göterim ýokarlandy. Býujetden maliýeleşdirilýän we hojalyk hasaplaşygyndaky döwlet kärhanalarynda zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary hem-de talyp haklary öz wagtynda maliýeleşdirildi.

Rejelenen görnüşdäki Oba milli maksatnamasynyň çäklerinde ýurdumyz boýunça durmuş maksatly dürli binalaryň we desgalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň hem-de inženerçilik ulgamlaryň gurluşyk işleri alnyp baryldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ykdysadyýetimiziň ýagdaýyny her gün seljerip durmagyň, elektron senagatyny ösdürmegiň, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri özümizde öndürmegiň kabul edilen döwlet maksatnamalarynyň ýerine ýetirilişine, täze iş orunlaryny döretmek baradaky meselelere gözegçilik etmegiň wajypdygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz ministrlikleri hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralaryny ösdürmek boýunça pudaklaýyn maksatnamalaryň durmuşa geçirilişini hem üns merkezinde saklamalydygyny belledi.

Häzirki döwürde emele gelýän ýagdaýdan ugur alyp, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň şu ýyl we geljek ýyl üçin çaklamalaryny taýýarlamak zerurdyr diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi. Hormatly Prezidentimiz wise-premýere geljek ýyl üçin Döwlet býujetiniň we maýa goýum maksatnamasynyň taslamalaryny taýýarlamagy tabşyryp, bu resminamalary Halk Maslahatynyň öňýanynda ara alyp maslahatlaşar ýaly, Ministrler Kabinetiniň indiki mejlisine hödürlenilmelidigini belledi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow häkimlere ýüzlenip, “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda” kesgitlenen çäreleriň ýerlerde ýerine ýetirilişine hem-de sebitler we paýtagtymyz üçin berilýän býujet serişdeleriniň maksadalaýyk ulanylmagyna berk gözegçilik etmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly mejlisini geçirip gutarmak bilen, oňa gatnaşanlara berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün

“Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” ýylynda ýurdumyzyň bank ulgamynyň hödürleýän täze bank hyzmatlary

«Türkmenistanda 2019–2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda ýurdumyzyň bank ulgamyny sanlylaşdyrmak, bank hyzmatlaryny menzilara hödürlemek, olaryň amatlylygyny we ygtybarlygyny ýokarlandyryp, müşderileriň bank ulgamyna bolan ynamyny has-da artdyrmak maksady bilen, 2020-nji ýylyň başyndan ýurdumyzyň banklary tarapyndan müşderilere ençeme täze bank hyzmatlary hödürlendi.

Türkmenistanyň “Türkmenistan” döwlet täjirçilik banky, 2020-nji ýylyň ýanwar aýyndan başlap “Altyn asyr” bank kartlaryny saklaýjy müşderilerine “Cash back” hyzmatyny birikdirdi. Bu hyzmat höweslendiriji hyzmat bolup, harytlar we hyzmatlar nagt däl görnüşinde töleg terminallar arkaly satyn alnanda müşderiniň «Altyn asyr» bank kartynyň hasabyna tölenýän pul sylagy bolup durýar. Pul sylagynyň möçberi her aýyň dowamynda geçirilen amallaryň 0,5%, talyp haklary, esger haklary hem-de döwlet kömek pullary geçirilýän «Altyn asyr» bank kartlaryna bolsa 1% möçberinde bellenilen. Pul sylagy her aýyň soňundan gelýän aýyň 5-ne çenli müşderilerimiziň bank kartlaryna geçirilýär. Ýurdumyzyň her bir raýaty “Cash back” bank hyzmatynyň amatlylygyna we girdejiligine mysalda göz ýetirip bilýär. Mysal üçin, müşderi ýurdumyzda gurnalan bankomatlardan nagt pul alanda, nagt pul almak üçin bank hyzmatyny töleýär, emma töleg terminallar arkaly hasaplaşyk geçirende bankdan pul sylagyny (cash back) gazanýar. Şeýlelikde, töleg terminallary arkaly hasaplaşyk geçirilende müşderi bank hyzmatynda serişde tygşytlap, pul sylagyny gazanýar. Türkmenistanyň “Türkmenistan” döwlet täjirçilik banky tarapyndan “Cash back” bank hyzmatynyň amatlylygyny has-da artdyrmak maksady bilen, 2020-nji ýylyň maý we iýun aýlarynyň dowamynda ýurdumyzyň ýangyç guýujy beketlerinde ýangyç üçin nagt däl görnüşinde töleg terminallary arkaly hasaplaşyklary geçirilende, «Altyn asyr» bank kartlaryna berilýän pul sylagynyň («Cash back») möçberi 0,5 göterimden 2 göterime çenli ýokarlandyryldy.

2020-nji ýylyň maý aýynda Türkmenistanyň “Türkmenistan” döwlet täjirçilik banky “Altyn asyr” bank kartlaryny saklaýjy müşderileri üçin “Owerdraft” bank hyzmatyny hödürledi. “Owerdraft” hyzmaty – bu bank kartynyň galyndysy azalyp töleg geçirmek üçin pul serişdeleriniň ýetmedik ýagdaýynda, müşderä bank tarapyndan berilýän gysga möhletleýin karz serişdesi bolup durýar. Adaty karzlardan tapawutlylykda, “Owerdraft” karzy dikeldilýän bolup durýar, ýagny müşderi bir gezek banka bu hyzmaty açmak üçin arza berensoň, 2 ýylyň dowamynda bu karzdan zerurlygyna görä peýdalanyp bilýär. Şeýlelikde, “Owerdraft” bank hyzmaty müşderiniň bank kart hasabynyň galyndysy pese düşen ýagdaýynda, ýurdumyzyň bazarlarynda, söwda we hyzmat ediş nokatlarynda ornaşdyrylan töleg terminallaryndan nagt däl görnüşinde töleg geçirilende bank tarapyndan awtomatiki usulda berilýän gysga möhletleýin karz serişdelerinden peýdalanmaga mümkinçilik berýär. Müşderiniň “Altyn asyr” bank kart hasabyna zähmet haky geçirilenden soňra, müşderiniň “Owerdraft” bank hyzmatynyň esasy bergisi we hasaplanýan göterimleri awtomatiki usulda tölenýär. Aýratyn belläp geçilmeli mümkinçiligi, müşderi bir gezek bu hyzmaty bankda birikdirenden soňra, 2 ýylyň dowamynda banka barmazdan zerurlygyna görä bu gysga möhletleýin karzyny awtomatiki usulda alyp we gaýtaryp bilýär.

“Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” ýylynda ýurdumyzyň bank ulgamy dowamly kämilleşdirilýär, raýatlara döwrebap bank hyzmatlary hödürlenip, nagt däl hasaplaşyklaryň gerimi has hem artdyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň “Döwlet adam üçindir!” diýen ynsanperwer ýörelgesine laýyklykda alnyp barylýan işler raýatlarymyzyň girdeji çeşmeleriniň yzygiderli artmagyna hem-de olaryň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has hem ýokarlanmagyna ýardam edýär.

Türkmenistanyň “Türkmenistan” döwlet täjirçilik bankynyň

Ykdysady seljeriş we çaklaýyş müdirliginiň başlygy W.Pirliýew

Turkmen
Vulnerability Scanner