Статьи

Sanly bank hyzmatlary - täze mümkinçilikleriň açary

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistan döwletimizde Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ähli pudaklar bilen bir hatarda bank ulgamynda hem durnukly ösüşi üpjün etmek, bank işjeňligini kämilleşdirmek we innowasion sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy bilen ilata ýokary hilli täze hyzmatlary hödürlemek ýaly möhüm çäreler durmuşa geçirilýär.

 “Türkmenistanyň bank ulgamyny ösdürmegiň 2011-2030-njy ýyllar üçin Döwlet  Maksatnamasyna” laýyklykda, bank ulgamyny ösdürmek, bank işjeňliginiň kadalaşdyryjy hukuk binýadyny kämilleşdirmek, hödürlenýän bank hyzmatlarynyň gerimini giňeltmek we hilini ýokarlandyrmak, töleg ulgamyny sanly ulgam arkaly ýeňilleşdirmek we täze kämil görnüşlerini ornaşdyrmak boýunça maksatlaýyn işler alnyp barylýar. Döwlet maksatnamasynda bellenen çäreleriň yzygiderli ýerine ýetirilmegi, ýurdumyzyň sanly ulgama geçişiniň çaltlandyrylmagyna, döwletimiziň durmuş-ykdysady ösüşiniň derejesini ýokarlandyrmaga we halkymyzyň hal-ýagdaýyny gowylandyrmaga ýardam edýär.

Ýurdumyzyň bank ulgamyny düýpli özgertmek, ilata hödürlenýän bank hyzmatlaryny halkara derejelere çykarmak boýunça bank işiniň dürli ugurlaryny döwrebaplaşdyrmak, abraýly halkara maliýe düzümleri bilen hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek, sanly ykdysadyýetiň gazananlary hökmünde “Internet-bank” we “Mobil-bank” hyzmatlaryny ýurduň çäginde giňden ornaşdyrmak, ilatyň arasynda bu hyzmatlar bilen bagly mahabat-düşündiriş işlerini alyp barmak boýunça öňegidişlikler gazanylýar.

Garaşsyz, Hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde sanly ykdysadyýete geçişiň ikinji tapgyry täze ösüşler bilen dowam edýär. Sanly ykdysadyýete geçmeklik dünýäniň öňdebaryjy döwletleri bilen aýakdaş gitmeklige ýol açýar. Sanlylaşdyrmak arkaly täze harytlaryň we hyzmatlaryň peýda bolmagyna getirýär. Sanly bank hyzmatlarynyň üsti bilen bank işjeňligi has-da ýokarlandyrylýar. Nagt däl hasaplaşyklaryň möçberi artdyrylýar. Karzlaryň täze amatly görnüşleri döredilýär. Häzirki wagtda raýatlar tarapyndan karz almak üçin ýüz tutmalary “online” kabul etmeklik hem ýola goýuldy. Bulardan başga-da, Türkmenistanyň bank ulgamynyň innowasion häsiýetli ösüşini üpjün etmek, ykdysady taýdan ähmiýetli, netijeli pudaklary karzlaşdyrmak, dünýäniň öňdebaryjy ýurtlarynyň bank ulgamynyň täze hyzmatlaryny öwrenmek we olaryň netijeliligini milli bank ulgamyna sazlaşyklykly ornaşdyrmak ugrunda işler alnyp barylýar. Dünýäniň ösen ýurtlarynda ornaşdyrylan, raýatlaryň öýlerinden ýa-da iş ýerlerinden çykmazdan internet arkaly söwda etmeklik we elektron tölegleri amala aşyrmaklyk, gerekli harytlaryny islendik ýere eltdirmäge mümkinçilileriň guralmagy adamzadyň iň gymmatly baýlygy bolan wagtyny tygşytlamaga mümkinçilik berýär.

Geljekde ýurdumyzyň nagt däl hasaplaşyklarynda kartly töleg ulgamynyň dünýä tejribeleri öwrenilip, öz milli aýratynlyklarymyz esasynda has-da giňeldilip durmuşa ornaşdyrylmagy, raýatlarymyz üçin hasaplaşyklary has-da ýönekeýleşdirmäge mümkinçilik döreder. Ýurdumyzyň çäginde bank kartlarynyň giňden ýaýramagy bank ulgamynyň kämilleşmegine, nagt däl hasaplaşyklaryň ösdürilmegine, pul serişdeleriniň dolanşygynyň çaltlandyrylmagyna hem-de nagt däl pul dolanşygyna ilatyň nagt serişdeleriniň çekilmegine itergi berýär. Häzirki wagtda ýurdumyzyň karz edralary tarapyndan bank hyzmatlarynyň gerimini giňeltmek we hilini ýokarlandyrmak babatda uly işler alnyp barylýar.

Alnyp barylýan işleriň çäklerinde ýurdumyzyň raýatlaryna hödürleýän täze karz hyzmatlarynyň biride ”Owerdarft” karty atly bank karzydyr. Bu karz bankyň “Altyn-Asyr” bank kartyny saklaýjy müşderilerine ”Owerdarft” bank kart arkaly, 2 ýyl möhletli, ýyllyk 12% göterimli, 1000 (bir müň) manada çenli berilýän  gysga möhletli karzydyr. Ol ilat tarapyndan gündelik durmuşda sarp edilýän harytlar satyn alnanda we hyzmatlar ýerine ýetirilende nagt däl görnüşindäki hasaplaşyklar üçin göz öňünde tutulandyr. Bu döwrebap sanly bank hyzmaty bolup, onda müşderiniň “Altyn Asyr” aýlyk bank kartyndaky pul serişdesi ýeterlik bolmadyk ýagdaýynda, müşderiniň hyzmat edýän bank edarasy bilen baglaşylan şertnama laýyklykda karz serişdesi berilýär. Müşderiniň “Altyn Asyr” aýlyk bank kartyna pul serişdesi gelip gowşanda, onuň “Owerdraft” karzy boýunça ulanan pul serişdesi we oňa hasaplanan göterimi yzyna gaýtarylýar.

Sanly bank hyzmatlarynyň ösüşi, täze görnüşleri barada köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň üsti bilen radiolarda, teleýaýlymlarda, gazet-žurnallarda yzygiderli tanyşdyryş-mahabat işleriniň geçirilmegi beýleki ulgamlarda zähmet çekýän raýatlaryň hem bank hyzmatlarynyň ähli mümkinçiliklerden peýdalanmaklaryna ýardam berýär we geljekde hem şeýle işleriň ýüzlerçelerini geçirmeklik maksat edinilýär.

Gahryman Arkadagymyz biz ýaş hünärmenlere  bagtyýar durmuşda ýaşamaga,  okamaga, zähmet çekmäge döredip berýän çäksiz mümkinçilikleri üçin köp sag bolsun aýdýarys! Öňdengörüjilikli, parasatly başlangyçlary bilen döwletimizi dünýäniň ösen ýurtlarynyň hataryna goşmaga ýol açyp berýän, Mähriban Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli tutýan tutumly işleri elmydama rowaç alsyn!

 

Ogulgerek Rejepowa,

Türkmenistanyň “Türkmenistan” döwlet

täjirçilik bankynyň “Büzmeýin” şahamçasynyň

baş buhgalteriniň orunbasary