Статьи

Bank ulgamynyň döwrebap hyzmatlary

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan diýarymyz gün saýyn ösýär, özgerýär. Ýurdumyzyň beýleki pudaklary bilen bir hatarda bank ulgamy hem yzygiderli kämilleşdirilýär, ulgama dünýäniň öňdebaryjy döwletleriniň iş tejribesini we täzeçil usullaryny ornaşdyrmak, milli töleg ulgamynyň mümkinçiliklerini artdyrmak, banklaryň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak işleri üstünlikli durmuşa geçirilýär. Dünýä tejribesiniň gazananlaryny nazara almak bilen, sanly ulgamda hödürlenilýän bank amallarynyň sany yzygiderli artdyrylýar, hili has-da ýokarlandyrylýar.

Ýurdumyzyň karz edaralary tarapyndan raýatlarymyza döwrebap, kämil derejede hyzmat etmek, geçirilýän hasaplaşyklary tizleşdirmek, nagt pul dolanyşygy-nyň mukdaryny ep-esli azaltmak maksady bilen dürli görnüşli bank kartlaryny çykarmak we oňa hyzmat etmek, ýurdumyzyň söwda we hyzmat ediş nokatlarynda töleg terminallaryny ornaşdyrmak işleri yzygiderli kämilleşdirilýär.

Sanly ulgamda «Internet-bank», «Mobil-bank», «Elektron söwda», «Galtaşyksyz töleg», «Halkbank terminal» bank hyzmatlary arkaly ýerine ýetirilýän amallaryň sany artdyrylýar, hili has-da ýokarlandyrylýar.

«Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylynda ýurdumyzda durmuşa geçirilýän ýaşlar baradaky döwlet syýasatyna laýyklykda, ata Watanymyzyň gelejegi bolan ýaşlarymyzy kämil hünärmenler, ilimize-ýurdumyza gerekli kämil şahsyýetler edip ýetişdirmekde döredilýän mümkinçiliklerden peýdalanyp bankymyzda zähmet çekýän tejribeli işgärler bilen bilelikde ýaş hünärmenleriň bilim derejesini, sanly ulgam we maliýe sowatlylygyny artdyrmak boýunça netijeli işler alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiziň Kararyna laýyklykda ýaş maşgalalaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowlandyrmak maksady bilen durmuş guran ýaş maşgalalara zerur bolan öý goşlaryny we hojalyk harytlaryny satyn almak üçin 3 (üç) ýyl möhletli ýyllyk 1(bir) göterim bilen nagt we nagt däl görnüşinde berilýän karzyň möçberi 20 000 (ýigrimi müň) manat möçberinde ýokarlandyryldy.

Ýurdumyzda ýaşlary goldamak, olaryň döredijilik başlangyçlaryny höweslen-dirmek, hünärlerini kämilleşdirmek babatda amatly mümkinçilikleri döretmek maksady bilen “Talyp karzy” bank karzlary berilýär. “Talyp karzy” ýokary we ýörite orta hünär okuw mekdeplerinde bilim alýan talyplara okuw töleglerini tölemek üçin nagt däl görnüşinde karzlar berilýär. Karzyň üpjünçiligi hökmünde girew emlägi ýa-da üçünji tarapyň zamunlygy talap edilýär.

Ýurdumyzyň karz edaralary tarapyndan hem kiçi göwrümli karzlaşdyrma ulgamyny ösdürmek, bank hyzmatlarynyň gerimini giňeltmek, şeýle hem şahsy hojalygyny ýöredýän raýatlara goldaw bermek maksady bilen kiçi göwrümli karz hyzmaty hem işjeň hereket edýär.

Kiçi göwrümli karzlar mellek ýeri, kömekçi hojalygy ýa-da bellenilen tertipde bölünip berlen ýer bölegi bar bolan raýatlara 30 müň manada çenli ýyllyk 10 göterimli, 6 aý ýeňillikli döwür bilen, 3 ýyla çenli möhlete berilýär. Karzyň üpjünçiligi hökmünde tölege ukuply üçünji tarapyň zamunlygy ýa-da girew emlägi kabul edilýär.

“Döwlet tarapyndan telekeçiligi maliýe taýdan goldamak” hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda ýuridik şahsy döretmezden telekeçilik işi bilen meşgullanmaga başlaýan fiziki şahslara – hususy telekeçilere olaryň telekeçilik işine maliýe taýdan goldaw bermek maksady bilen, Türkmenistan boýunça bellenen iň pes aýlyk zähmet hakynyň 500 essesine çenli möçberde, ýyllyk 5 göterim bilen, esasy bergini üzmek boýunça 2 ýyl ýeňillikli döwür bolan 7 ýyl möhlete karzlar berilýär.

Mundan başga-da hormatly Prezidentimiziň Kararyna laýyklykda ýurdumyzyň karz edaralary tarapyndan milli programma önümlerini döretmek we enjamlary öndürmek boýunça işler hem-de taýýar milli programma önümleriniň we enjamlarynyň satyn alynmagy we ulanyşa girizilmegi üçin kiçi we orta telekeçilere karzlar berilýär. Karza laýyklykda milli programma önümlerini döretmek we enjamlary öndürmek boýunça işler üçin ýyllyk 2 göterim  bilen, 2 ýyllyk ýeňillikli döwri bolan 5 ýyl möhlete, taýýar milli programma önümleriniň we enjamlarynyň satyn alynmagy we ulanyşa girizilmegi üçin ýyllyk 2 göterim  bilen, 6 aý ýeňillikli döwri bolan 3 ýyl möhlete karzlar berilýär. Karzlar agzalan maksatlar üçin 15 göterimden az bolmadyk hususy serişdelerini goýmak şerti bilen resmileşdirilýär.

Amatly şertlerde dürli görnüşli bank karzlarynyň berilmegi ilatyň ýaşaýyş-durmuş  şertleriniň has-da ýokarlandyrylmagyny, ýurduň ykdysadyýetinde hojalygy dolandyrmagyň öňdebaryjy usullarynyň işjeň ornaşdyrylmagyny, netijeli, döwrebap tehnologiýalaryň özleşdirilmegini, täze iş ýerleriň döredilmegini, ýokary hilli azyk we azyk däl önümleriniň möçberleriniň ýokarlanmagyny üpjün edýär.

Ýurdumyzda karz edaralarynyň kanunçylyk-hukuk binýady yzygiderli kämilleşdirilýär. Milli ykdysadyýetimizi maksatnamalaýyn esasda ösdürmeklige gönükdirilen wezipeleri ýerine ýetirmek üçin bank işjeňligi häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda gurnalýar. Ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny mundan beýläk hem pugtalandyrmak we dünýä ykdysadyýeti bilen aýakdaş gitmek maksady bilen bank ulgamynda kämil we döwrebap özgertmeler amala aşyrylýar. Bu bolsa ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň möhüm ugry bolan bank ulgamy çalt depginler bilen ösýän ulgamlaryň birine öwrüldi. Bank ulgamynda täze innowasion tehnologiýalar giňden ornaşdyrylýar. Geçirilýän işleriň ählisi ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini ýokarlandyrmaklyga gönükdirilendir.

Halkymyzyň abadançylygy, rowaçlygy ugrunda ýadawsyz tagallalar edýän, bank ulgamynyň işini has-da kämilleşdirmäge şert döredip berýän Milli Liderimiziň hem-de Hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli alyp barýan işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn.

                                   

Ogulbossan Bäşimowa,

 Türkmenistanyň “Türkmenistan” döwlet täjirçilik

bankynyň “Büzmeýin” şahamçasynyň

Karzlaşdyryş we hasabat bölüminiň hünärmeni

Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrap

Halk maslahatynyň agzasy