Articles

Milli ykdysadyýetimizde döwrebap bank hyzmatlary

Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli we parasatly ýolbaşçylygynda ähli ykdysady pudaklar bilen bir hatarda bank ulgamy hem yzygiderli kämilleşdirilýär. Milli puluň hümmetini durnukly derejede saklamak, netijeli pul-karz syýasatyny alyp barmak, pul-karz dolanşygynyň ýagdaýyna täsir etmek arkaly bazar isleglerini kanagatlandyrmak, töleg ulgamyny dünýäniň ösen döwletleriniň derejesine çykarmak, nagt däl hasaplaşyklary döwrebaplaşdyrmak, ilatyň erkin duran pul serişdelerini bank ulgamyna möhletli we talap edilýänça goýumlara çekmek babatynda anyk wezipeler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň karz edaralarynda ýyllyk 6-7% girdejisi bolan “Goýum bank karty” atly goýum hyzmaty girizildi. Raýatlara bu hyzmaty ýurduň islendik karz edaralarynda açmak, goýum bank kartlaryna islendik möçberde nagt puly goýmak, töleg amala aşyrmak, kartdan nagt puly almak, bankomatlardan we internet ulgamy arkaly bank kartyndaky galyndyny bilmek mümkinçiligi döredilen.

Şeýle döwrebap bank hyzmatlarynyň biri hem “Maşgala” bank karty hyzmatydyr. “Maşgala” bank karty “Altyn Asyr” bank karty hasabyna birikdirmek bilen müşderiniň islegine baglylykda maşgalanyň her bir agzasyna şol sanda, ýedi ýaşdan uly bolan çagalara açylyp bilner. Müşderiniň arzasy ýa-da internet-bank hyzmaty arkaly maşgalanyň her bir agzasy üçin aýratynlykda hepdelik sarp ediljek pul mukdarynyň möçberini kesgitlemäge mümkinçilik döredilen.

         Bank ulgamynyň durnukly hereket etmegi ýurduň ykdysadyýetiniň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmagyň hem-de dünýäniň ykdysady giňişligine goşulyşmagynyň aýgytlaýjy şerti bolup çykyş edýär. Şunuň bilen baglylykda, milli ykdysadyýetinimizi durnukly ösdürmek, döwletiň bitewi pul-karz syýasatyny alyp barmak üçin amatly şertleri döretmäge mümkinçilik berdi. Milli ykdysadyýetiň möhüm bölegi bolan karz edaralaryň işjeňligi ösýän ugurlaryň birine öwrüldi. Şeýle hem karz edaralar ykdysadyýetiň dürli pudaklaryny karz serişdeleri bilen üpjün etmekde möhüm orun eýeleýär. Iri maýa goýum taslamalaryny maliýeleşdirmegiň we dolanşyk serişdelerini üpjün etmegiň möhüm çeşmesine öwrülýär.

Hormatly Prezidentimiziň “Kiçi we orta telekeçiligi döwlet tarapyndan  goldamak hakynda” hem-de “Ýurdumyzda oba hojalyk önumlerini öndürijileri maliýe taýdan  goldamak hakynda” Kararlaryna laýyklykda tehnikalary satyn almak, maldarçylygy we guşçulygy ösdürmek, bar bolan önümçiligi giňeltmek we dolanyşyk serişdelerini satyn almak üçin ýeňillikli karzlary bermek ýola goýuldy.

Bulardan başga, bölünip berlen melleginde (ýer böleginde) şahsy hojalygyny ýöredýän raýatlara ekerançylygy we maldarçylygy ösdürmek maksady bilen oba hojalyk önümlerini öndürmek üçin esasy we dolanyşyk  serişdelerini edinmek üçin  30 000.00 (otuz müň) manat möçberinde, 10 (on) göterimli, 3 (üç) ýyl möhletli, 6 (alty) aý ýeňillik döwri bilen nagt däl görnüşinde karzlar hem berilýär. Bu karzyň ýene bir amatly tarapy girew emlägini resmileşdirilmezden we üpjünçiligine üçünji tarapyň zamun bolup çykyş etmeginde resmileşdirip berilýär. Karz serişdeleri önümçiligi guramak, ösdürmek we giňeltmek, önümleriň göwrümini  artdyrmak, oba hojalyk tehnikalaryny  satyn almak, mal ýataklaryny we fermalary gurmak, abzallary, gurallary satyn almak, mallary, balyklary we öý guşlaryny satyn almak, mallar we öý guşlary üçin ot-iýmleri, weterinariýa serişdelerini satyn almak, ösümlikleri ýetişdirmek, tohumlary, mineral dökünleri satyn almak arkaly bu ugurda önümçiligi alyp barmak maksatlarynda berilýär.

     Şeýle hem, karz edaralary tarapyndan ýaşlary goldamak, olaryň döredijilik başlangyçlaryny höweslendirmek, hünärlerini kämilleşdirmek babatynda amatly mümkinçilikleri döretmekde “Talyp karzy”atly karzy hem ýola goýuldy. Bu karz ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde bilim alýan talyplara degişli okuwyň bahasyny tölemek üçin nagt däl görnüşinde berilýär.  Hormatly Prezidentimiziň degişli Kararyna laýyklykda “Durmuş gurýan ýaş maşgalalara zerur bolan öý goşlaryny we hojalyk harytlaryny satyn almaklary üçin 3 ýyl möhlete, ýyllyk 1 göterimli 6000 manada çenli ýeňillikli karzlar hem berilýär.

Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda amatly we dessin hyzmat bermäge gönükdirilen dünýäniň öňdebaryjy banklarynyň döwrebap usuly bolan ykjam bank tehnologiýalarynyň ýurdumyzyň bank ulgamyna ornaşdyrylmagy müşderileriň ösen talaplaryny kanagatlandyrmaga we olaryň ynamyny has-da ýokarlandyrmaga mynasyp goşant goşýar.

          Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdymyzda gazanylýan üstünlikler we ýetilýän belent sepgitler halkyň asuda ýaşamagyny şertlendirýär. Hormatly Prezidentimiziň mähriban ýurdumyzy gülledip ösdürmekde durmuşa geçirýän beýik işleri rowaçlyklara beslensin! Goý, Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun! Il-ýurt bähbitli, umumy adamzat ähmiýetli alyp barýan işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!  

 

 

                                Tawus Emirgulyýewa,

                                                  Türkmenistanyň “Türkmenistan” döwlet täjirçilik

                                                   bankynyň  “Altyn Asyr”  şahamçasynyň  

esasy hünärmeni