Hormatly raýatlar!
Türkmenistanyň «Türkmenistan» döwlet täjirçilik banky «Goýum bank karty» arkaly bank hyzmatlarynyň amatlyklaryndan peýdalanmaga çagyrýar.
«Goýum bank kartynyň» amatlyklaryna:
- bank kart hasabyndaky pul serişdelerine ýyllyk 6% derejesinde göterimiň hasaplanmagy;
- çäklendirilmedik möçberde bank kart hasabyny nagt pul bilen doldurmak we yzyna almak;
- ýurduň çäginde islendik bankomatlardan nagt pul serişdelerini almak, söwda we hyzmat ediş nokatlarynda nagt däl tölegleri amala aşyrmak;
- bank kart hasabyna «Internet-bank» we «Mobil-bank» hyzmatlarynyň birikdirmek bilen, günüň islendik wagtynda pul serişdeleriň galyndysyny we geçirilen amallaryň taryhyny görmek, karzyň esasy bergisini we oňa hasaplanan göterimi tölemek, öý, öýjükli telefon, IP-TV hyzmatlaryny, şeýle hem internet hasabyny doldurmak ýaly bank amallaryny görkezmek bolar.
«Goýum bank kartyny» ulanmak her bir raýat üçin amatlydyr we ygtybarlydyr!
Hormatly müşderiler! «Goýum bank kartyny» açmak üçin Türkmenistanyň «Türkmenistan» döwlet täjirçilik bankynyň Merkezi edarasyna ýa-da onuň islendik şahamçasyna ýüz tutup bilersiňiz.
Habarlaşmak üçin telefon belgimiz: 44-03-04
Şahamçalarymyzyň salgylary we telefon belgileri bankyň resmi www.tnbk.tm internet sahypasynda ýerleşdirilen.