News

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki giňişleýin mejlisi

04.06.2022 y.

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki giňişleýin mejlisini geçirdi. Onuň barşynda şu ýylyň bäş aýynda ykdysadyýetimiziň pudaklarynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy we beýleki käbir meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Mejlise şeýle hem welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri çagyryldy.

Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibine geçip, Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa söz berdi. Ol şu ýylyň başyndan bäri milli kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça ýerine ýetirilen işler barada maglumat berdi.

Mejlisiň iki maslahatynyň barşynda Türkmenistanyň Kanunlarynyň 23-si hem-de Mejlisiň Kararlarynyň 15-si kabul edildi.

Ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna laýyklykda, häzirki wagtda dürli ulgamlaryň we pudaklaryň işini kadalaşdyrýan kanunçylyk namalaryny kämilleşdirmek boýunça işler dowam edýär.

Halkara we parlamentara gatnaşyklary ösdürmek maksady bilen, duşuşyklaryň birnäçesi geçirildi. Mejlisiň deputatlary kanunçykaryjylyk işini kämilleşdirmek hem-de döwlet maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegini üpjün etmek meseleleri boýunça halkara guramalary bilen duşuşyklaryň ençemesine gatnaşdylar.

Bellenilişi ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen hem-de hormatly Prezidentimiziň goldaw bermeginde Aşgabatda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumy hem-de Zenanlaryň dialogy geçirildi.

Soňra Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary K.Babaýew ýurdumyzyň kanunçylygyny has-da kämilleşdirmek boýunça ýanwar-maý aýlarynda amala aşyrylan toplumlaýyn işler barada maglumat berdi.

Halk Maslahatynda we Mejlisde döredilen iş toparlary sebitleri ösdürmäge, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň, notarial we salgyt düzümleriniň işini kämilleşdirmäge, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen kanunlaryň taslamalaryny seljerýärler hem-de ara alyp maslahatlaşýarlar.

Halk Maslahatynyň iki mejlisinde kanunlaryň taslamalarynyň birnäçesi ara alnyp maslahatlaşyldy. Olar Gahryman Arkadagymyz tarapyndan makullanyldy we kabul edildi.

Parlamentara hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen baglylykda, halkara maslahatlar, forumlar we sanly ulgam arkaly duşuşyklar geçirildi.

Halk Maslahatynyň agzalary GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan dabaralara hem-de Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygyndaky wekiliýetiň düzüminde Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň paýtagtynda geçirilen “Russiýa—Yslam dünýäsi: Kazan Summit 2022” atly XIII halkara ykdysady sammitiň mejlisine gatnaşdylar.

Şeýle hem Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Ahal, Balkan we Daşoguz welaýatlarynda iş saparlarynda bolandygy, şolaryň barşynda ýurdumyzyň sebitlerinde amala aşyrylýan işler bilen tanşandygy bellenildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzda ýaşlar syýasatyny durmuşa geçirmek ulgamynda uly işleriň alnyp barylýandygyny, bu işe aýratyn üns berilýändigini nygtady. Ýaş nesli hakyky watançylyk we milletiň belent ruhy-ahlak gymmatlyklary ruhunda terbiýelemek, ýaş türkmenistanlylaryň ýokary hilli bilim almagy, ylym, döredijilik we sport bilen meşgullanmagy, özleriniň ukyp-başarnyklaryny we zehinini ýüze çykarmagy, aň-paýhas kuwwatyny ösdürmek üçin ähli şertleri üpjün etmek Watanymyzyň döwlet strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.

Döwlet Baştutanymyz bu ugurda işi kämilleşdirmek bilen baglylykda, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalarynyň we Mejlisiň deputatlarynyň syýasy partiýalar hem-de jemgyýetçilik guramalary, şol sanda Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy we Zenanlar birleşigi bilen bilelikde bu işe has işjeň gatnaşmagynyň maksadalaýyk boljakdygyny belledi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Muhammedow ähli ulgamlarda durnukly makroykdysady görkezijileri üpjün etmek maksady bilen, ýanwar-maý aýlarynda ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi.

Bäş aýda, 2021-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirlende, jemi öndürilen önüm 11,5 göterim ýokarlandy. Geçen ýylyň şol döwri bilen deňeşdirilende, bölek satuw haryt dolanyşygynyň möçberi 10,6 göterim, daşary söwda dolanyşygynyň möçberi 41,8 göterim artdy.

Ýanwar-maý aýlarynda Döwlet býujetiniň girdeji böleginiň meýilnamasy 104,6 göterim, çykdajy böleginiň meýilnamasy bolsa, 98,3 göterim ýerine ýetirildi. Döwlet býujetiniň serişdeleriniň 80,4 göterimi durmuş ulgamyny maliýeleşdirmäge gönükdirildi.

Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda aýlyk zähmet haky, geçen ýylyň degişli döwrüne görä, 10,4 göterim ýokarlandy. Zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary öz wagtynda maliýeleşdirildi.

Rejelenen görnüşdäki Oba milli maksatnamasynda kesgitlenen işleriň çäklerinde, durmuş maksatly desgalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň hem-de inženerçilik ulgamlarynyň gurluşygy alnyp baryldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, wise-premýeriň gözegçilik edýän toplumynyň öňünde durýan möhüm wezipeleriň birnäçesine ünsi çekdi.

Ykdysadyýetiň durnukly ösüşini üpjün etmek maksady bilen, jemi içerki önümiň ösüş depginini ýylyň ahyryna çenli bellenen derejede saklamak üçin zerur çäreleri görmek, halkara tejribesine esaslanyp, býujet-salgyt ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, býujet, salgyt, bank we pul-karz ulgamlarynyň kadalaryny we düzgünlerini kämilleşdirmek, elektron salgyt ulgamyna geçmegi çaltlandyrmak esasy wezipeleriň hatarynda görkezildi.

Döwlet Baştutanymyz döwlet maýa goýumlarynyň netijeli bolmagyna gözegçilik etmegiň, önümçilikleri döwrebaplaşdyrmagyň we täze önümçilikleri ýola goýmagyň hem-de maýa goýumlary we işewürlik, göni daşary ýurt maýa goýumlary üçin amatly şertleri döretmek boýunça zerur işleri amala aşyrmagyň wajypdygyny nygtady.

Geljek ýyl üçin Döwlet býujetiniň taslamasyny taýýarlamak gaýragoýulmasyz çäreleriň hatarynda görkezildi.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere bu ýagdaýlary seljermegi we işleri talabalaýyk ýola goýmak üçin, ähli zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary azyk önümleri bilen üpjünçiligi has-da gowulandyrmak, azyk harytlarynyň ýeterlik möçberdäki gorlaryny döretmek we içerki bazarlarda azyk harytlarynyň bolçulygyny üpjün etmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, degişli düzümlere ilaty azyk harytlary bilen bökdençsiz we kadaly üpjün etmek üçin maliýe serişdelerini bölüp bermek teklip edilýär. Şeýle hem 2023-nji ýyl üçin Döwlet býujetinde býujetden sarp edijileri azyk harytlary bilen bökdençsiz we kadaly üpjün etmek üçin ýeterlik möçberlerde maliýe serişdelerini göz öňünde tutmak meýilleşdirilýär.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, hödürlenen teklipleri makullady. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, ýurdumyzyň azyk howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen, telekeçilere goldaw hökmünde 150 million amerikan dollaryny bölüp bermek barada karara gelendigini, zerur azyk harytlaryny satyn almak üçin, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligine hem 150 million amerikan dollary möçberde pul serişdeleriniň bölünip berilýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz degişli Karara gol çekip, wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmek, daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň möçberlerini azaltmak, ýerli önümçiligi ösdürmek boýunça amala aşyrylýan işler barada hasabat berdi.

Häzirki wagtda ýurdumyzda guş eti we ýumurtga, esasan, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary tarapyndan öndürilýär. Önümleriň bu görnüşleriniň önümçiligini ýurdumyzda tapgyrlaýyn artdyrmak maksady bilen, iýmlik bugdaýy, mekgejöweni we soýany ösdürip ýetişdirmek hem-de bu ekinleri ýetişdirmäge isleg bildirýän taraplara goşmaça ýer böleklerini bölüp bermek teklip edilýär.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, guşçulyk pudagynyň oba hojalygynyň okgunly ösýän pudaklarynyň biridigini belledi. Bu örän düşewüntli hem-de gysga wagtyň içinde özüni ödeýän işewürlik bu pudagyň özüneçekijiligini has-da artdyrýar.

Obasenagat toplumynyň bu pudagynyň durnukly ösdürilmegi we giňeldilmegi ýakyn geljekde birnäçe artykmaçlyklary döreder diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow aýtdy hem-de kiçi we orta telekeçiligiň ösüşiniň täze derejesini, täze iş orunlarynyň döredilmegini, goşmaça maýa goýumlarynyň çekilmegini şolaryň hatarynda görkezdi. Şunuň bilen birlikde, munuň özi ilaty ýurdumyzda öndürilýän ýokary hilli önümler bilen üpjün etmäge, şeýle önümleriň daşary ýurtlardan getirilýän möçberlerini ep-esli azaltmaga ýardam eder diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Karara gol çekip, wise-premýere bu resminamada göz öňünde tutulan çäreleriň öz wagtynda we takyk ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary hormatly Prezidentimize kabul eden çözgütleri üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi hem-de bu resminamalarda bellenilen wezipeleriň talabalaýyk ýerine ýetirilmegini üpjün etmek üçin ähli tagallalaryň ediljekdigine ynandyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow gözegçilik edýän pudaklarynda şu ýylyň ýanwar-maý aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Wise-premýer nebiti gaýtadan işlemek boýunça meýilnamanyň 110,6 göterim, benzin öndürmek boýunça meýilnamanyň 127,2 göterim, dizel ýangyjyny öndürmek boýunça meýilnamanyň 115,8 göterim, polipropilen öndürmek boýunça meýilnamanyň 141,9 göterim, çalgy ýaglaryny öndürmek boýunça meýilnamanyň 107,2 göterim, suwuklandyrylan gazy öndürmek boýunça meýilnamanyň 119,7 göterim, tebigy we ugurdaş gazy çykarmak boýunça meýilnamanyň 111,5 göterim, “mawy ýangyjy” daşary ýurtlara ibermek boýunça meýilnamanyň 121,9 göterim ýerine ýetirilendigini habar berdi.

Nebit we gaz kondensatyny çykarmak babatda gazanylan tehniki ykdysady görkezijiler barada hem hasabat berildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, wise-premýere nebitgaz toplumynyň önümçilik-hojalyk işini yzygiderli seljermek, onuň kuwwatyndan netijeli peýdalanmak, önümçilik ulgamlaryny döwrebaplaşdyrmak, häzirki zaman tehnologiýalaryny giňden ornaşdyrmak barada birnäçe tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew gözegçilik edýän pudaklarynda şu ýylyň bäş aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Obasenagat toplumy boýunça, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, önümleri öndürmegiň möçberleriniň görkezijileri hem-de ýurdumyzda azyk önümleriniň öndürilişi barada habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, wise-premýeriň oba hojalyk toplumyna ýolbaşçylyk etmek boýunça öz üstüne ýüklenen borçlary ýerine ýetirmegi başarmaýandygyny aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz oba hojalyk pudagyny ösdürmek boýunça döwlet strategiýasynyň pes derejede durmuşa geçirilýändigini, bu pudagyň esasy wezipeleriniň esasy oba hojalyk ekinleriniň öndürilýän möçberini artdyrmakdan ybaratdygyny nygtady.

Oba hojalyk pudagynyň umumy maliýe ýagdaýy kanagatlanarsyz ýagdaýda bolmagynda galýar. Milli ykdysadyýetiň bu esasy pudagynda düýpli özgertmeleri geçirmäge gönükdirilýän düýpli maýa goýumlarynyň özleşdirilişi hem şu döwürde kanagatlanarly däl diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz ekerançylyk medeniýetini ýokarlandyrmaga az üns berilýändigini, ýerli toprak-howa şertlerini nazara alyp, işlenip taýýarlanan, ylmy taýdan esaslandyrylan oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmegiň usullaryny giňden ornaşdyrmaga hem ýeterlik üns berilmeýändigini belläp, ýurdumyzyň oba hojalygyny we ilatly ýerlerini suw bilen üpjün etmegi gowulandyrmak meseleleriniň ýaramaz çözülýändigini nygtady.

Suw serişdelerini rejeli ulanmaga, oba hojalyk ekinleri ekilýän ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmaga we topragyň şorlaşmagyna garşy göreşmäge, şeýle hem zeýkeş akabalaryny arassalamaga hem ýeterlik derejede üns berilmedi. Bu kemçilikleriň ählisi Daşoguz welaýatyndaky ýagdaýda anyk ýüze çykdy. Bu welaýatda gowaça ekmek boýunça meýilnama hem bellenen möhletinde ýerine ýetirilmedi diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow E.Orazgeldiýewi işde goýberen kemçilikleri üçin, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesinden boşatdy.

Döwlet Baştutanymyz N.Nazarmyradowa wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin, berk käýinç yglan etdi hem-de ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmek oňa soňky gezek duýduryldy.

Hormatly Prezidentimiz işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin, B.Arazowy Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabynyň häkimi wezipesinden boşatdy we Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabynyň häkiminiň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmegi şol etrabyň häkiminiň orunbasary G.Baýramdurdyýewiň üstüne ýükledi.

Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumy boýunça orunbasary wezipesine A.Ýazmyradowy belläp, ony Türkmenistanyň Prezidentiniň Oba hojalyk meseleleri boýunça geňeşçisi wezipesinden boşatmak barada karara gelendigini habar berdi.

Soňra täze bellenen wise-premýere söz berildi. Ol özüne bildirilen ynam üçin hoşallyk bildirip, bu düzümiň öňünde goýlan maksatlary hem-de wezipeleri yzygiderli ýerine ýetirmek ugrunda ähli güýjüni, tejribesini we bilimini gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz wise-premýer A.Ýazmyradowa, welaýatlaryň häkimlerine ýüzlenip, ýurdumyzyň ilatynyň ýerli azyk önümleri bilen üpjünçiligini has-da gowulandyrmagyň zerurdygyny nygtady.

Ot-iým binýadyny döretmek üçin zerur işler tapgyrlaýyn durmuşa geçirilmelidir. Bu ugurda maldarçylyk hojalyklarynyň öz mümkinçiliklerinden, hususy pudagyň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanylmagy üçin zerur işler alnyp barylmalydyr, oba hojalyk maksatly ekin meýdanlarynyň we öri meýdanlaryň maksadalaýyk hem-de netijeli ulanylmagyny gazanmak möhümdir diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz oňyn dünýä tejribesinden ugur alyp, oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny we tohumçylygyň hilini ýokarlandyrmak boýunça zerur işleriň geçirilmelidigini hem-de pudaga sanly ulgamyň ornaşdyrylmalydygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz oba hojalygynyň netijeliligini has-da artdyrmak boýunça mundan beýläk-de maksadalaýyk çäreleriň görülmelidigini belläp, degişli resminama gol çekdi hem-de şunuň bilen baglylykda, birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra gözegçilik edýän ulgamlarynda şu ýylyň bäş aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew hasabat berdi.

Hasabat döwründe bu toplumda ýerine ýetirilen işler we hyzmatlar boýunça gazanylan ösüş 112,1 göterime deň boldy.

Awtomobil, demir ýol, howa, deňiz we derýa ulaglary arkaly ýük daşamak baradaky meýilnama 111,3 göterim, ýük dolanyşygy boýunça meýilnama bolsa 109,1 göterim ýerine ýetirildi.

Ýanwar-maý aýlarynda hyzmatlary ýerine ýetirmek babatda ösüş “Türkmendemirýollary” agentligi boýunça 115,2 göterime, “Türkmenawtoulaglary” agentligi boýunça 134,1 göterime, “Türkmenhowaýollary” agentligi boýunça 101,8 göterime, “Türkmendeňizderýaýollary” agentligi boýunça 106 göterime, “Türkmenaragatnaşyk” agentligi boýunça 108 göterime deň boldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda içerki gatnawlardaky çäklendirmeleriň ýeňilleşdirilmegi, azaldylmagy bilen bagly ýolagçy we ýük gatnawlaryny artdyrmak, ýolagçy gatnatmak boýunça hyzmatlaryň ýokary hilini we howpsuzlygyny üpjün etmek üçin zerur çäreleriň görülmelidigini nygtady.

Halkara ulag-üstaşyr gatnawlary üçin amatly we bäsleşige ukyply şertleri döretmek arkaly ýurdumyzyň multimodal logistika mümkinçiliklerinden doly peýdalanylmalydyr we mundan beýläk-de işjeň ösdürilmelidir.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekow gözegçilik edýän gurluşyk, senagat we energetika toplumynyň, “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň hem-de paýtagtymyzyň häkimliginiň şu ýylyň bäş aýynda alyp baran işleriniň netijeleri barada hasabat berdi.

Hasabat döwründe önüm öndürmek we gurluşyk-senagat ulgamynda işleri ýerine ýetirmek baradaky meýilnama 148,8 göterim ýerine ýetirildi.

Gurluşyk we binagärlik ministrligi şu ýylyň ýanwar-maý aýlarynda öndürilen işler boýunça meýilnamany 112,7 göterim berjaý etdi.

Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi önüm öndürmek hem-de işleri amala aşyrmak baradaky meýilnamany 169,0 göterim ýerine ýetirdi.

Ýylyň başyndan bäri Energetika ministrligi boýunça önüm öndürmek we işleri ýerine ýetirmek baradaky meýilnama 128,1 göterim berjaý edildi.

Elektrik energiýasynyň öndürilişiniň ösüş depgini 116,8 göterime, onuň eksport edilişiniň ösüş depgini bolsa 150,3 göterime deň boldy.

Hasabat döwründe “Türkmenhimiýa” döwlet konserni tarapyndan önüm öndürmek hem-de hyzmatlary ýerine ýetirmek boýunça meýilnama 169,7 göterim berjaý edildi.

Aşgabat şäher häkimligi boýunça şu ýylyň bäş aýynda ýerine ýetirilen işler hem-de hyzmatlar baradaky meýilnama 118,3 göterim berjaý edildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, içerki bazary daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan senagat önümleri we gurluşyk serişdeleri bilen üpjünçiligini gowulandyrmak boýunça yzygiderli işleri geçirmegiň wajypdygyna ünsi çekip, innowasion tehnologiýalara hem-de ylmyň we tehnikanyň soňky gazananlaryna esaslanýan täze önümçilikleri döretmegi dowam etdirmelidigini nygtady. Elektron senagatynda döwrebap önümleriň öndürilmegini hem üpjün etmek babatda degişli görkezmeler berildi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow gözegçilik edýän söwda toplumynda şu ýylyň bäş aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Hasabatyň barşynda, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, öndürilen önümleriň möçberleriniň hem-de ýerine ýetirilen hyzmatlaryň görkezijileri barada habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp we wise-premýere ýüzlenip, soňky döwürde gözegçilik edýän düzümleriniň işine gözegçiligi gowşadandygyny, ilatyň sarp edýän harytlarynyň, aýratyn hem, oba hojalyk pudagynyň önümleriniň öndürilişini artdyrmak boýunça işleriň haýal alnyp barylýandygyny nygtady. Söwda ulgamynyň, sanly ulgamy ornaşdyrmak nazara alnanda, häzirki zaman üpjünçilik ulgamlaryny emele getirmek boýunça işler hem ýaramaz ýola goýlupdyr. Şonuň netijesinde, söwda ulgamynda köp sanly düzgün bozmalara ýol berilýär.

Döwlet Baştutanymyz daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan harytlary öndürmek boýunça işleriň hem ýaramaz alnyp barylýandygyna ünsi çekip, bu ugurda entek uly mümkinçilikleriň bardygyny, bu mümkinçilikleriň ýeterlik ulanylmaýandygyny aýtdy.

Şoňa görä-de, hormatly Prezidentimiz işde goýberen kemçilikleri üçin, Ç.Gylyjowyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesinden boşadylýandygyny yglan etdi.

Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň söwda toplumy boýunça orunbasary wezipesine Batyr Atdaýewi bellemek barada karara gelendigini habar berip, ony Türkmenistanyň Baş prokurory wezipesinden boşatdy.

B.Atdaýew bildirilen ynam üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, söwda toplumynyň öňünde goýlan wezipeleri çözmek ugrunda ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdygyna hormatly Prezidentimizi ynandyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow oňa jogapkärli işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Baş prokuroryň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmegi Baş prokuroryň orunbasary, Baş müdirligiň müdiri, ýustisiýanyň uly geňeşçisi B.Begmyradowyň üstüne ýüklemek kararyna gelendigini aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz täze bellenen wise-premýere ýüzlenip, biziň ýurdumyz amatly ulag gatnawlarynyň çatrygynda ýerleşýändigini, şonuň netijesinde, dünýäniň ähli ýurtlary bilen diýen ýaly ykdysady we söwda gatnaşyklaryny ösdürmek üçin uly mümkinçiliklere eýedigini nygtady.

Şunuň bilen baglylykda, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary bilen ýurdumyzda öndürilýän harytlaryň daşary ýurtlara iberilýän möçberlerini artdyrmak boýunça has netijeli işleri alyp barmagy, daşary ýurtly hyzmatdaşlarymyz bilen ýakyndan daşary-ykdysady gatnaşyklary ýola goýmaga aýratyn üns bermek barada tabşyryk berildi.

Ýurdumyzda öndürilýän önümleriň daşary ýurtlara iberilýän we daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň öndürilýän möçberlerini artdyrmak boýunça maksatnamany durmuşa geçirmegi çaltlandyrmak babatda degişli işler geçirilmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow döwlete dahylsyz pudagyň kuwwatyny doly derejede ulanmak, şol sanda daşary ýurtlara ibermek üçin çig maly gaýtadan işlemek boýunça gyssagly çäreleri işläp taýýarlamagy we durmuşa geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa gözegçilik edýän ulgamynda şu ýylyň bäş aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Hasabat döwründe 2022-nji ýylyň şygaryny dabaralandyrmak maksady bilen hem-de milli senenamamyzda göz öňünde tutulan baýramçylyklar mynasybetli, döredijilik bäsleşikleri yglan edildi, dürli medeni-köpçülikleýin çäreler, maslahatlar, söhbetdeşlikler, döredijilik duşuşyklary we sergiler, wagyz-nesihat çäreleri hem-de täze desgalaryň ulanylmaga berilmegine bagyşlanan dabaralar geçirildi.

Halkara hyzmatdaşlygynyň çäklerinde, türkmen hünärmenleri sanly ulgam arkaly halkara duşuşyklarynyň, okuw maslahatlarynyň hem-de halkara sergileriniň birnäçesiniň işine gatnaşdy.

Hasabatyň dowamynda ýurdumyzyň dürli ulgamlarynda gazanylýan üstünlikleri, medeniýet ulgamyny ösdürmek boýunça döwlet maksatnamalarynda göz öňünde tutulan çäreleriň üstünlikli ýerine ýetirilişini beýan etmek boýunça köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň amala aşyran işleri barada hem aýdyldy.

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, tomusky dynç alyş möwsüminiň başlanmagy bilen, medeni edaralarda we teatrlarda çagalar üçin sahna oýunlaryny, çäreleri guramagyň we ýokary hilli hyzmatlary üpjün etmegiň möhümdigini belledi.

Şonuň bilen birlikde, wise-premýere kagyzda çykarylýan gazet-žurnallary elektron görnüşe geçirmek boýunça işleri işjeň dowam etdirmek, bu ugurdan zerur hünärmenleri taýýarlap, redaksiýalaryň işgär wezipe sanawyny kesgitlemek, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde möhüm wezipe bolan sanly ykdysadyýete geçmek boýunça alnyp barylýan işleri beýan etmegi güýçlendirmek tabşyryldy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew gözegçilik edýän bilim, ylym, saglygy goraýyş we sport ulgamlarynda şu ýylyň başyndan bäri alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Ýokary okuw mekdepleriniň talyplary, ýurdumyzyň okuwçylary halkara ders we internet olimpiadalarynda üstünlikli çykyş edip, altyn, kümüş hem-de bürünç medallara, dürli derejeli diplomlara mynasyp boldular.

Hasabat döwründe ylmyň we tehnologiýalaryň ileri tutulýan ugurlary boýunça ylmy işleriň geçirilmegi utgaşdyryldy, aspirantura hem-de doktorantura kabul edişlikler amala aşyryldy.

Ýurdumyzyň bejeriş-öňüni alyş edaralarynyň işiniň kämilleşdirilmegine uly üns berildi, şolarda lukmançylygyň dürli ugurlary boýunça işler dowam etdirildi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararlaryna laýyklykda, buýan köküni gaýtadan işläp, glisirrizin turşusyny öndürýän kärhananyň gurluşygyna badalga berildi hem-de Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2022-2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnama tassyklandy.

Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde köpugurly hassahananyň hem-de Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherinde köpugurly we onkologiýa hassahanalarynyň açylyş dabaralary geçirildi.

Ýylyň başyndan bäri ýurdumyzyň türgenlerini iri halkara ýaryşlaryna taýýarlamak işleri alnyp barylýar. Hasabat döwründe türgenler sport ýaryşlarynyň 12-sine gatnaşdylar hem-de 22 medal gazandylar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzir okuw ýylynyň tamamlanandygyny, şoňa görä-de, ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine giriş synaglaryndan başga-da, täze okuw ýylyna hem gowy taýýarlyk görülmelidigini belledi.

Tomus möwsüminiň başlanmagy bilen, çagalaryň we ýetginjekleriň boş wagtlaryny gyzykly geçirmekleri üçin dynç alyş çäreleri guralmalydyr.

Döwlet Baştutanymyz Hökümetiň bilim işgärleri bilen boljak maslahatyna hem düýpli taýýarlyk görmegiň zerurdygyna aýratyn ünsi çekdi.

Şeýle hem wise-premýere halkara derejesinde «Sanly bilim» ulgamyny döretmegiň meýilnamasynyň taslamasyny taýýarlamak we ony Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisleriniň birinde teklip etmek tabşyryldy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow şu ýylyň ýanwar-maý aýlarynda DIM-iň alyp baran işleriniň netijeleri barada hasabat berdi.

Hasabat döwründe Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasyny durmuşa geçirmek maksadynda daşary ýurtlar we halkara guramalary bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklar babatda oňyn hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça degişli işler alnyp baryldy.

Şeýle hem 1-2-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Saud Arabystany Patyşalygyna sapary boldy. Şonda döwlet Baştutanymyz Mekge şäherinde Umra-Hajy dessuryny berjaý etdi hem-de Medine şäherine baryp gördi.

Hasabat döwründe hormatly Prezidentimiziň birnäçe ýurtlaryň ýolbaşçylary bilen telefon arkaly söhbetdeşlikleri geçirildi.

Aprel aýynda Hindistan Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana döwlet sapary, Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti bolsa iş sapary bilen geldi.

Häzirki wagtda möhüm halkara çärelerine taýýarlyk görmek boýunça işler dowam edýär.

Daşary işler ministrlikleriniň ugry boýunça ikitaraplaýyn geňeşmeler yzygiderli geçirilýär. Şu ýylyň geçen döwründe bu ugurda duşuşyklaryň birnäçesi geçirildi.

Ýanwar-maý aýlarynda dürli ýurtlar bilen, şol sanda bilelikdäki Hökümetara toparlaryň hem-de beýleki degişli düzümleriň çäklerinde ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça degişli duşuşyklar we gepleşikler yzygiderli geçirildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, wise-premýere, daşary işler ministrine ýurdumyzyň Hökümet wekiliýetiniň we daşary ýurtlaryň Hökümet wekiliýetleriniň saparlaryna, ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk baýramyna, şeýle hem beýleki halkara meselelerine bagyşlanan halkara maslahatlaryna we beýleki çärelere gowy taýýarlyk görülmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Mejlisiň barşynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimizi yslam dünýäsinde mukaddes saýylýan keramatly ýerlere -- Mekgä we Medinä zyýarat edip, umra haj parzyny berjaý edendigi bilen tüýs ýürekden gutladylar hem-de Arkadagly hajy Serdarymyzyň halkymyzyň bagtyýarlygy, ýurdumyzyň abadançylygy, beýik tutumlaryň rowaç almagy üçin eden doga-dilegleriniň Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolmagyny, hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny, döwletli işleriniň rowaç almagyny arzuw etdiler.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, onda esasan iki meselä seredilendigini, ýurdumyzyň obasenagat toplumyny mundan beýläk-de ösdürmek, söwda we hyzmatlar ulgamynyň işini kämilleşdirmek, telekeçiligi höweslendirmek boýunça möhüm wezipeleriň kesgitlenendigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz bu baradaky gürrüňi dowam edip, Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynda galla oragyna girişilendigini belläp, bu welaýatlaryň häkimlerine orak möwsümini ýokary hilli we gysga möhletde, ýokary derejede geçirmek, möwsümde tehnikalary bökdençsiz işletmek, kärendeçi gallaçylar bilen tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklary öz wagtynda geçirmek babatda anyk tabşyryklary berdi.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Balkan we Daşoguz welaýatlarynda galla oragyna 10-njy iýunda il sylagly ýaşulularyň gatnaşmagynda girişiljekdigini belläp, öňde boljak möwsümi guramaçylykly geçirmek boýunça zerur taýýarlyk işlerine möhüm ähmiýet bermegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz wise-premýer A.Ýazmyradowa welaýatlaryň häkimleri bilen bilelikde, bugdaý, pagta, gök we bakja öndürmek boýunça bellenilen meýilnamalaryň ýerine ýetirilişini, bu işlerde ýola goýlan degişli guramaçylyk meselelerini yzygiderli gözegçilikde saklamagy ýola goýmak barada anyk görkezmeleri berdi.

Hormatly Prezidentimiz wise-premýer B.Atdaýewe ýüzlenip, ýurdumyzda söwda toplumynyň işini döwrüň talabyna laýyk derejede kämilleşdirmek, hususyýetçiligi ösdürmek bilen baglanyşykly meseleleriň wajypdygyna ünsi çekip, toplumyň öňünde durýan wezipeleri kesgitledi.

Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda harytlaryň bolçulygyny ýola goýmak, söwdanyň we hyzmatlar ulgamynyň medeniýetini ýokarlandyrmak, bazarlarda dürli görnüşli azyk önümleriniň üpjünçiligini yzygiderli gowulandyrmak meseleleri häzirki döwrüň wajyp wezipeleriniň hatarynda durýar. Şunda toplumyň ähli düzümleriniň maliýe ýagdaýyny gowulandyrmak meselelerine möhüm ähmiýet berilmelidir.

Hormatly Prezidentimiz kiçi we orta telekeçiligiň işini ösdürmek, telekeçilik başlangyçlaryny höweslendirmek we hususyýetçiligiň ykdysadyýetimiziň ähli ulgamlarynda eýeleýän ornuny pugtalandyrmak boýunça zerur işleriň geçirilmelidigini belledi we bu babatda degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki giňişleýin mejlisinde başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Döwlet Baştutanymyz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, şu ýylyň geçen bäş aýynda alnyp barlan işleriň netijeleriniň, dünýä ykdysadyýetindäki çylşyrymly ýagdaýlara garamazdan, döwletimiziň depginli ösmegini dowam edýändigini görkezýändigini belledi.

Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ösüşinde gazanylan depgin durnukly saklanýar. Kabul edilen ähli durmuş maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Hökümetimiziň we halkymyzyň guramaçylykly işi netijesinde, ýurdumyzda jemi içerki önümiň ösüşi geçen bäş aýda 6,2 göterim möçberde boldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow senagat desgalarynyň, ýaşaýyş jaýlarynyň, çagalar baglarynyň, mekdepleriň we beýleki desgalaryň bellenen möçberde gurlup, ulanmaga berlendigini aýtdy.

Kabul edilen meýilnamalara laýyklykda, energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna diwersifikasiýa ýoly bilen ibermek syýasaty hem üstünlikli dowam etdirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki giňişleýin mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.