News

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

13.03.2026 y.

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.

Döwlet Baştutanymyz mejlisi açyp, jenaýat edendikleri üçin iş kesilen we eden etmişlerine ökünip, ak ýürekden toba gelen raýatlaryň mukaddes Gadyr gijesi mynasybetli günäsiniň geçilýändigini belledi.

Soňra Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Raýatlyk we günä geçmek meseleleri boýunça teklipleri taýýarlamak baradaky toparyň başlygy B.Gündogdyýewe söz berildi. Ol jenaýat edendikleri üçin iş kesilen raýatlaryň mübärek Gadyr gijesi mynasybetli günäsini geçmek boýunça bu toparyň geçiren işleri barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, asylly däbe laýyklykda, iş kesilen 336 raýatyň Gadyr gijesi mynasybetli günäsini geçmek hakynda Permana gol çekdi. Arkadagly Gahryman Serdarymyz B.Gündogdyýewe hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary bilen bilelikde günäsi geçilen adamlary tussaglykdan boşadyp, olaryň ýakyn wagtda öz öýlerine, maşgala agzalarynyň arasyna barar ýaly zerur işleri geçirmegi tabşyrdy, günäsi geçilen adamlara bolsa yhlasly zähmet çekip, eziz Watanymyza ak ýürekden hyzmat edip, halal zähmetiň hözirini görüp ýaşamaklaryny arzuw etdi.

Soňra Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa söz berildi. Milli parlamentiň ýolbaşçysy ýurdumyzyň kanunçylygyny kämilleşdirmegi dowam etdirmegiň möhümdigi barada öňde goýlan wezipelerden ugur alyp, häzirki wagtda adam hukuklarynyň we azatlyklarynyň goraglylygyny üpjün etmek, işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak, migrasiýa, daşky gurşawy goramak bilen bagly we başga-da birnäçe hereket edýän kanunçylyk namalaryna döwrebap üýtgetmeleridir goşmaçalary girizmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada maglumat berdi.

Bellenilişi ýaly, 7-nji martda Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde “Ene mähri” diýen hormatly ada mynasyp bolan zenanlary sarpalamak dabarasy geçirildi, şeýle hem 7-8-nji martda welaýatlarda, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde “Ene mähri” adyna eýe bolan zenanlaryň birnäçesine döwrebap öýleriň açarlary gowşuryldy. Dabaralara gatnaşanlar ýurdumyzyň gelin-gyzlarynyň adyndan Watanymyzda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler, türkmen zenanlarynyň bagtyýar durmuşy, mynasyp zähmet çekmegi babatda döredilýän amatly şertler üçin hormatly Prezidentimize hem-de Gahryman Arkadagymyza çuňňur hoşallyklaryny beýan etdiler.

Hasabat döwründe Birleşen Milletler Guramasynyň Adam hukuklary boýunça ýokary komissarynyň müdirliginiň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin wekilhanasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşyk geçirildi. Şeýle hem Türkmenistanyň Mejlisiniň we Pakistan Yslam Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň zenan parlamentarileriniň arasynda sanly ulgam arkaly duşuşyk geçirilip, milli kanun çykaryjylyk işini kämilleşdirmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Mejlisiň wekilleri Belgiýa Patyşalygynyň Brýussel şäherinde iş saparynda bolup, Türkmenistanyň Mejlisiniň we Ýewropa Parlamentiniň dokuzynjy parlamentara duşuşygyna gatnaşdylar. Türkmenistanyň we Belgiýanyň parlamentara dostluk toparlarynyň arasynda geçirilen duşuşykda ýurdumyzda syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda alnyp barylýan işler bilen tanyşdyryldy hem-de kanun çykaryjylyk, parlament işi boýunça özara tejribe alşyldy.

Hormatly Prezidentimiz häzirki zamanyň talaplaryna laýyk gelýän täze kanun taslamalaryny işläp taýýarlamak babatda alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň möhümdigini belledi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow ätiýaçlandyryş ulgamyny ösdürmek, bu ugurda hyzmatlaryň görnüşlerini giňeltmek, onuň hukuk binýadyny kämilleşdirmek boýunça amala aşyrylýan işler barada hasabat berdi.

Nygtalyşy ýaly, Döwlet ätiýaçlandyryş guramasy tarapyndan “Aw awlamak we aw baýlyklaryny goramak hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 44-nji maddasyna laýyklykda, aw awlamak we aw baýlyklaryny goramak babatda döwlet gözegçileriniň hökmany döwlet şahsy ätiýaçlandyryşyny üpjün etmek boýunça zerur çäreler görülýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda ätiýaçlandyryş ulgamyny ösdürmek boýunça netijeli işleriň alnyp barylýandygyny belledi we wise-premýere ätiýaçlandyryşyň hukuk binýadyny kämilleşdirmek babatda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Agajanow “Türkmennebit” döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, bu ugurdaky işler geljegi uly nebit we gaz ýataklarynda ulanyş, gözleg-barlag guýularynyň gazuw, özleşdirmek işlerini bökdençsiz alyp barmaga mümkinçilik berer. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli resminamanyň taslamasyny hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda nebitgaz ýataklaryny düýpli özleşdirmek, buraw işlerini ýokary hilli we öz wagtynda ýerine ýetirmek boýunça maksatnamalaýyn işleriň durmuşa geçirilýändigini nygtady hem-de bu ugurda taýýarlanan Karara gol çekip, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy hem-de ählihalk bag ekmek dabarasyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Nygtalyşy ýaly, bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg, hususan-da, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri dowam edýär. Gowaça ekişine taýýarlyk görmek we bu möwsümi agrotehniki möhletlerde talabalaýyk geçirmek üçin zerur çäreler görülýär. Şeýle-de wise-premýer daşky gurşawy goramak, ekologik abadançylygy üpjün etmek, ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi we bu ugurda öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen taýýarlanan degişli resminamanyň taslamasyny döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmegi dowam etdirmegiň, möwsümleýin oba hojalyk işlerini agrotehniki talaplar esasynda geçirmegiň zerurdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz daşky gurşawy goramak, ekologik abadançylygy üpjün etmek boýunça işleri üns merkezinde saklamagyň möhümdigini aýtdy we Diýarymyzy bagy-bossanlyga öwürmek maksady bilen, Türkmenistanda ählihalk bag ekmek dabarasyny geçirmek hakynda Karara gol çekdi hem-de wise-premýere bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow ýurdumyzyň ýolgurluşyk pudagyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň Permanyna laýyklykda döredilen Awtomobil ýollary ministrligi tarapyndan ýol-ulag düzüminiň işini döwrebaplaşdyrmak, möhüm taslamalary durmuşa geçirmek, bar bolan awtomobil ýollarynyň durkuny täzelemek, täze ýollary gurmak, halkara üstaşyr ýükleri daşamagyň hilini döwrüň talabyna laýyk getirmek, bu ugurda hereket edýän kanunçylyk binýadyny has-da berkitmek boýunça möhüm işler durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzda awtomobil ýollaryny gurmak, döwrebaplaşdyrmak, halkara ulag geçelgelerini döretmek boýunça netijeli işleriň durmuşa geçirilýändigini belledi hem-de wise-premýere ýol-ulag ulgamynyň işini has-da kämilleşdirmek babatda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew Serbiýa Respublikasynyň Belgrad şäherinde geçiriljek “EKSPO — 2027” Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine Türkmenistanyň ýokary derejede gatnaşmagyny üpjün etmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.

Hasabatda nygtalyşy ýaly, “Oýun adamzat üçin: sport we saz hemmeler üçin” mowzugynda geçiriljek sergä taýýarlygyň çäklerinde ýurdumyzyň milli pawilýonynyň gurluşyk-gurnama, enjamlaşdyryş we bezeg işleri boýunça zerur işler alnyp barylýar. Bu sergä döwletimiz “Türkmenistan — parahatçylygyň owazy, saglygyň mekany” diýen şygar bilen gatnaşar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer hormatly Prezidentimiziň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň iri möçberli halkara çärelere yzygiderli gatnaşýandygyny belledi. “Munuň özi dünýä döwletleri bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge ýardam edýär” diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we Türkmenistanyň «EKSPO — 2027» Bütindünýä sergisine gatnaşmagy bilen bagly taýýarlanan teklipleri makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni mynasybetli geçiriljek baýramçylyk çärelerine taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, ýurdumyzda giňden bellenilýän bu baýram mynasybetli Ahal welaýatynyň “Nowruz ýaýlasynda” geçiriljek dabara Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň eserleriniň, Nowruz bilen bagly milli däp-dessurlaryň esasynda taýýarlanylan medeni-köpçülikleýin çäreler bilen badalga alar. Bu ýerde ýurdumyzyň döredijilik toparlarynyň çykyşlaryny, dürli sergileri ýaýbaňlandyrmak, halkymyzyň ekerançylyk, maldarçylyk, bagbançylyk, senetçilik, maşgala toýlary bilen bagly däp-dessurlaryny beýan edýän çykyşlaryň, medeniýet we sungat ussatlarynyň baýramçylyk konsertiniň geçirilmegi göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, wise-premýere ýurdumyzda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni mynasybetli baýramçylyk dabarasyna gowy taýýarlyk görmegi we ony ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Mämmedow şu ýylyň aprel aýynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde geçiriljek halkara ylmy-amaly maslahatlar we olimpiadalar barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, geljek aýda Bütindünýä saglyk güni mynasybetli Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda sanly ulgam arkaly “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — halkara sport hyzmatdaşlygynyň we sagdynlygyň mekany” atly halkara ylmy-amaly maslahatyň, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda makroykdysadyýet dersi boýunça IV Açyk halkara internet olimpiadasynyň, sanly ulgam arkaly “Maliýe bazarlarynyň ösüşiniň häzirki zaman meýilleri” atly III halkara ylmy-amaly maslahatyň, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda iňlis dili dersi boýunça V Halkara internet olimpiadasynyň, sanly ulgam arkaly “Ýaşlaryň ylmy gözlegleri”, “Daşary ýurt dillerini okatmagyň dünýä we milli tejribesi: ylmy gözlegler we täze garaýyşlar” atly halkara ylmy-amaly maslahatlaryň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde sanly ulgam arkaly “Taryhy we medeni mirasy öwrenmekde häzirki zaman ylmy barlaglary: halklaryň we medeniýetleriň durnukly ösüşi” atly halkara ylmy-amaly maslahatyň, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde IV informatika dersinden Halkara açyk internet olimpiadasynyň, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde utgaşykly görnüşde “Häzirki zaman oftalmologiýasynyň wajyp meseleleri” atly halkara ylmy-amaly maslahatyň, Türkmen oba hojalyk institutynda sanly ulgam arkaly “Oba hojalygynda tebigy baýlyklary rejeli peýdalanmak” atly II halkara ylmy-amaly maslahatyň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Halkara ylmy-amaly maslahatlara we olimpiadalara ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary, professor-mugallymlary, alymlary bilen bir hatarda, dünýäniň abraýly bilim ojaklarynyň wekilleriniň gatnaşmagyna garaşylýar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda bilim ulgamyny ösdürmäge, zehinli ýaşlary ýüze çykarmaga uly üns berilýändigini, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyň berkidilýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz ýokary okuw mekdeplerinde halkara ylmy-amaly maslahatlary we olimpiadalary geçirmek baradaky teklipleri makullap, wise-premýere bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistan bilen Halkara Deňiz Guramasynyň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, halkara guramalar, hususan-da, BMG-niň ulgamyna girýän edaralar, şol sanda Halkara Deňiz Guramasy (HDG) bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Türkmenistan 1993-nji ýylyň 26-njy awgustyndan bäri bu düzümiň agzasy bolup, onuň bilen hyzmatdaşlyk soňky ýyllarda işjeň ösdürilýär. Ýurdumyz guramanyň 14 konwensiýasyna goşuldy we olaryň kadalaryna laýyklykda, milli kanunçylygymyzy, amaly taýdan ýerine ýetirilýän işleri kämilleşdirmek boýunça degişli çäreler görülýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer, daşary işler ministri Türkmenistanyň ulag diplomatiýasy boýunça öňe sürýän başlangyçlaryny durmuşa geçirmek, Halkara Deňiz Guramasy bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen taýýarlanylan teklipleri beýan etdi.

Halkara Deňiz Guramasynyň konwensiýalaryna goşulmak işini yzygiderli ilerletmek maksady bilen, Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň wekillerinden ybarat bolan iş toparyny döretmek teklip edilýär. Ýurdumyzyň gämi ulagy we gatnawlary ulgamynda hyzmatdaşlygynyň halkara hukuk binýadyny has-da pugtalandyrmak üçin Türkmenistanyň bu guramanyň Halkara gämi gatnawlaryny ýeňilleşdirmek hakynda Konwensiýasyna goşulmagy boýunça işleri geçirmek bu toparyň ilkinji wezipeleriniň biri bolar. Şeýle-de hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin 2026-njy ýylyň dowamynda HDG-niň ýolbaşçylarynyň ýurdumyza saparlaryny guramak, onuň wekilleriniň gatnaşmagynda dürli okuw hem-de amaly maslahatlary geçirmek teklip edilýär. Şular bilen birlikde, ýurdumyzyň agzalan düzüm bilen gatnaşyklaryny has-da berkitmek bilen baglanyşykly teklip beýan edildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda Halkara Deňiz Guramasynyň degişli halkara konwensiýalarynyň talaplaryny ýokary derejede üpjün etmek boýunça netijeli işleriň alnyp barylýandygyny belledi we bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge degişli taýýarlanan teklipleri makullap, wise-premýer, daşary işler ministrine tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annaýew ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, milli ykdysadyýetiň ähli pudaklaryna sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça zerur işler durmuşa geçirilýär. Şunda pudagara elektron maglumat alyş-çalyş ulgamynyň işini kämilleşdirmäge möhüm ähmiýet berilýär. Munuň özi döwlet hyzmatlarynyň gysga wagtda ýerine ýetirilmeginde, maglumatlaryň elýeterliligini, kiberhowpsuzlygy üpjün etmekde giň mümkinçilikleri döredýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek we döwlet edaralarynyň işini kämilleşdirmek boýunça netijeli işleriň alnyp barylýandygyny belledi hem-de wise-premýere pudagara elektron maglumat alyş-çalyş ulgamynyň hukuk binýadyny berkitmek ugrunda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.