Статьи

Ýeňillikli karzlar - ykdysady ösüşiň oňyn netijesi

    Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli ykdysadyýetimizi dünýäniň öňdebaryjy döwletleriniň derejesine ýetirmek, ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryny dünýäniň öňdebaryjy döwletleriniň tilsimatlaryny, usullaryny ornaşdyrmak hormatly Prezidentimiziň ykdysady syýasatynyň esasy ugry bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň başlangyçlaryndan ugur alyp ýurdumyzyň karz edaralary tarapyndan ýurdumyzyň raýatlaryna erkin pul serişdelerini amatly şertlerde ýokary girdejiligi bolan ýyllyk 9 göterimli «Bagtyýar nesil», ýyllyk 11 göterimli «Bagtyýar lukman» möhletli goýumlary we ýyllyk 6 göterimli «Goýum bank karty» hyzmaty hödürlenilýär.

    Ýurdumyzyň bank ulgamy tarapyndan ykdysadyýetiň pudaklaryna berilýän karzlaryň möçberini artdyrmak, banklaryň maliýe hasabatlaryny halkara standartlaryna geçirmek, kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek, bankara we halkara hasaplaşyk–töleg ulgamyny döwrebaplaşdyrmak boýunça maksada okgunly işleri alnyp barylýar. Bu günki günde sarp ediş maksatly karzlaryň, talyp karzlarynyň, kiçi göwrümli karzlaryň amatlyklaryndan peýdalanýan raýatlarymyzyň sany günsaýyn artýar.

    Şeýle bank karzlarynyň ýene-de biri müşderiniň «Altyn asyr» bank kart hasabyndaky pul serişdeleriniň ýeterlik bolmadyk halatynda baglaşylan şertnama laýyklykda gysga möhletli «Owerdraft» karzy hasaplanylýar. Bu karzyň aýratyn tarapy raýatlara maliýe zerurçylygy ýüze çykan ýagdaýynda islendik söwda we hyzmat ediş nokatlarynda töleg terminallaryň üsti bilen nagt däl görnüşinde hasaplaşyp bilmekleri üçin ýola goýuldy. Karza laýyklykda karz alyjynyň aýlyk zähmet haky bank kartyna gelip gowşanda, karzyň esasy bergisi we oňa hasaplanan göterimi gaýtarmaklyk ýola goýuldy.

    Milli bank ulgamynda amala aşyrylýan oňyn özgertmeleriň netijesinde karz edaralarynyň kanunçylyk-hukuk binýady kämilleşdirilýär, banklara iň kämil tehnologiýalar ornaşdyrlyp, olaryň maddy-enjamlaýyn binýady düýpli täzelenýär. Milli ykdysadyýetimizi maksatnamalaýyn ösdürmeklige gönükdirilen wezipeleri ýerine ýetirmek üçin bank işjeňligi häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda gurnalýar, hususan-da, müşderilere hödürlenýän bank önümleri diwersifikasiýalaşdyrylyp, dünýä banklarynyň iş tejribelerine laýyklykda täze hyzmatlary yzygiderli bank işjeňligine girizmek, müşderiler bilen işlemegiň täze usullaryny ýola goýmak boýunça işler üstünlikli dowam etdirilýär.

    Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokarlandyrmaga, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga gönükdirilen özgertmeleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli alyp barýan işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn!

 

Kuwwat ATAMYRADOW,

Türkmenistanyň «Türkmenistan» döwlet

täjirçilik bankynyň «Diýar» şahamçasynyň

Sanly bank tehnologiýalary we awtomatizasiýa bölüminiň başlygy