Köp soralýan soraglar

Köp soralýan soraglar

    Bank kartynyň CVC kody kartyň arka ýüzünde gol çekmek üçin niýetlenilen ýerde çap edilip, üç sany sandan ybarat bolýar. Käbir kartlaryň görnüşlerinde bu ýerde CVC kody çap edilmänem bilner. Şu ýagdaýda CVC kody:

    -- Bank karty çykaran şahamçaňyza ýüz tutup, arzany dolduryp, ýapyk konwertda alyp bilersiňiz.

    Bellik: bu hyzmat tölegli.

    -- Gözükdirijä laýyklykda, islendik bankomadyň üsti bilen SMS arkaly telefon belgiňize ugradyp bilersiňiz. CVC kody Siziň telefon belgiňize iş günlerinde 12 sagadyň dowamynda, dynç we baýramçylyk günlerinde bolsa 24 sagadyň dowamynda iberiler.

    Bellik: bu hyzmat tölegsiz

    Tölegsiz hyzmatyň ýene-de biri :

    -- bu hyzmatdan peýdalanmak üçin, SMS habar beriş hyzmatyny birikdirmek hökmany şert bolup durýar. CVC-kody almak üçin Bank karty ulgamynyň Prosessing merkeziniň goldaw toparyna telefon arkaly ýüz tutup, olara kart belgiňizi aýtmaly. Ýuztutmaňyza jogap höomünde, SMS habar beriş hyzmaty birikdirilen telefon belgiňize kartyňyzyň CVC-kody iberiler.

    Goldaw toparynyň telefon belgileri: 44 48 37 we 44 49 27

    -- 2019-njy ýylyň aprel aýyndan bäri kart saklaýjylara berilýän ähli bank kartlarynyň ýany bilen çap edilýän PIN-bukjalarda PIN-kody bilen bilelikfe CVC-kody hem berilýär.

    Goýumçy pul serişdelerini möhletinden öň talap eden halatynda, Bankda hereket edýän “Talap edilýänça” goýuma bellenen göterim derejesi boýunça göterimleri hasaplamaga, şundan öň hasaplanyp tölenen göterimleri goýumyň esasy möçberinden tutup alýandyr.

    Goýum kartynyň bahasy 25.88 manat.

    Goýum kartynyň möhleti 5 ýyl.

    Goýum kartynyň galyndysyna ýyllyk 6% hasaplanylýar.

    Goýum kartyny açmak üçin pasportyň nusgasy gerek.

    Bankomatyň üsti bilen nagt görnüşinde günlük 800 manat alyp bolýar, goýum kartynyň degişlilikde öz bankyň kassasynda çäklendirilmedik.

    Bank tarapyndan berilýän kiçi möçberli karzy almak üçin niýetlenen bank karty.

    «Owerdraft» kartynyň möhleti 2 ýyl.

    Geçirilýän karzy 3 aýyň dowamynda yzyna gaýtarmaly.

    «Owerdraft» karzyna ýyllyk 12% hasaplanylýar.

        Owerdraft karz karty bankymyzy ýüzlenýän raýatlarymyza 1000 manat möçberde karz almak mümkinçiligini berýär.