Türkmenistanyň «Türkmenistan» döwlet täjirçilik banky Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti tarapyndan ýurdumyzda alnyp barylýan kiçi we orta telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamak baradaky syýasatyndan gelip çykýan wezipeleri durmuşa geçirmek maksady bilen aşakdakylary hödürleýär: maýa goýum taslamalary üçin - ýyllyk 7%, möhleti 10 ýyla çenli; hyzmat ediş maksatlary üçin - ýyllyk 8%, möhleti 3 ýyla çenli. Ýeňillikli karzlary aşakdaky maksatly maýa goýum taslamalaryny maliýeleşdirmek üçin ýyllyk 5%, bilen 10 ýyla çenli möhleti bilen berilýär: bar bolan önümçilikleri gurnamak, giňeltmek, durkuny täzelemek we tehniki taýdan gaýtadan enjamlaşdyrmak, şol sanda kiçi önümçilik üçin enjamlary, kiçi göwrümli tehnikalary, çig mallary, ýarym çig mallary, furnituralary satyn almak; gurluşyk materiallar senagatyny ösdürmek; ilata durmuş taýdan hyzmat etmegi ösdürmek; azyk senagatyny ösdürmek. Oba hojalyk önümlerini öndürijilere karz bermegiň möhleti we göterimleri şu aşakdaky tertipde kesgitlenýär: oba hojalyk önümlerini öndürijilere oba hojalyk tehnikalaryny, gurallaryny we abzallaryny hem-de suwy tygşytlaýjy tehnikalary, enjamlary, suwaryşda ulanylýan geçirijileri satyn almak üçin ýyllyk 1% bilen, olaryň ulanyş möhletinden ugur alyp, 10 ýyla çenli möhlete. Maldarçylygy we guşçulygy ösdürmek, ýyladyşhanalaryny gurmak, oba hojalyk önümlerini, gök, miwe, bakja önümlerini öndürmek, olary saklamak we gaýtadan işlemek we oba hojalyk işlerini ýerine ýetirmek bilen bagly maýa goýum taslamalaryny maliýeleşdirmek üçin ýyllyk 5% göterim bilen 10 ýyla çenli möhlete.