Kiçi göwrümli karzlar

    Türkmenistanyň “Türkmenistan” döwlet täjirçilik banky tarapyndan, raýatlara melleginde (kömekçi hojalygynda, bölünip berlen ýer böleginde) ekerançylygy we maldarçylygy ösdürmek maksady bilen, oba hojalyk önümlerini öndürmek, esasy we dolanşyk serişdelerini edinmek hem-de iri önümçilikler üçin zerur bolan ýerli çig mallary öndürmek maksadyna aşakda görkezilen tertipde kiçi göwrümli karzlar hödürlenilýär. Karzyň möçberi - 30 000 (otuz müň) manada çenli; Karzyň göterimi - ýyllyk 10 (on) göterim; Karzyň möhleti – 3 (üç) ýyla (alty aý ýeňillikli döwri bilen) çenli; Karzyň üpjünçiligi –tölege ukyply üçünji tarapyň zamunlygy ýa-da girew emlägi.

    Habarlaşmak üçin Türkmenistanyň «Türkmenistan» döwlet täjirçilik bankynyň Merkezi edarasyna ýa-da onuň ähli şahamçalaryna ýüz tutup bilersiňiz. Türkmenistanyň «Türkmenistan» döwlet täjirçilik bankynyň Merkezi edarasy boýunça habarlaşmak üçin telefon belgileri:44-02-65 Şahamçalaryň salgylary we telefon belgileri bankyň resmi internet sahypasynda görkezilen. www.tnbk.tm Hormatly raýatlar! Türkmenistanyň «Türkmenistan» döwlet täjirçilik banky, melleginde (bölünip berlen ýer böleginde) şahsy hojalygyny ýöredýän raýatlara kiçi göwrümli karzlary hödürleýär.