Türkmenistanyň «Türkmenistan» döwlet täjirçilik banky “Maşgala” bank karty atly täze bank hyzmatyny hödürleýär.
“Maşgala” bank karty müşderiniň “Altyn Asyr” bank kartynyň hasabynda bar bolan serişdelerden peýdalanmaga mümkinçilik berip, maşgala agzalaryna, şol sanda hem 7 ýaşdan uly çagalaryna:
- ýurdumyzyň çäginde başga şähere dynç almaga we syýahatçylyk maksatlary bilen gidenlerinde pul serişdeleri bilen üpjün etmek üçin;
- çagalara we talyplara gerekli okuw esbaplaryny we beýleki harytlary satyn almak üçin;
- maşgala agzalaryna gündelik çykdajylaryny tölemek üçin hem-de nagt däl hasaplaşyklaryň, “Internet bank” we “Mobil bank” hyzmatlarynyň hödürleýän dürli amatlyklaryndan, şol sanda gije-gündiz tertibinde bank kartynyň galyndysyny bilmek, karzlaryň göterimini we esasy bergisini tölemek, telefon, öýjükli telefon, IP telewideniýäniň we internetiň hasabyny doldurmak ýaly amallardan peýdalanmak üçin şert döredýär.
Maşgala bank kartlaryny ulanmak her bir raýat üçin amatlydyr we ygtybarlydyr!
Maşgala bank kartyny açmak üçin «Türkmenistan» döwlet täjirçilik bankynyň Merkezi edarasyna ýa-da şahamçalaryna ýüz tutup bilersiňiz.