"Cash back" hyzmaty

Hormatly müşderiler!

    Türkmenistanyň «Türkmenistan» döwlet täjirçilik banky,  «Altyn asyr», şol sanda «Maşgala» bank kartlaryny saklaýjy müşderilerine söwda we hyzmat ediş nokatlarynda nagt däl görnüşinde geçirilen her bir amalyň möçberinden berilýän «Cash back» pul sylagyny 0,5 % göterim möçberinde (2025-nji ýylyň 03-nji oktýabryndan başlap ýurdumyzyň Egin-eşikleri tämizleýiş hyzmat ediş öýlerinde (MСС kody 7211), Çagalar sagaldyş dynç alyş merkezlerinde (MСС kody 7032) gurnalan töleg terminallary arkaly nagt däl görnüşinde hasaplaşyklar geçirilende, bankyň «Altyn asyr» kartyny saklaýjy müşderilerine berilýän pul sylagynyň «Cash back» möçberini 3%) pul sylagy her aýyň soňundan, gelýän aýyň 5-ne çenli müşderilerimiziň bank kart hasaplaryna geçirilýär.

    Pul sylagy her aýyň soňundan gelýän aýyň 5-ne çenli müşderilerimiziň bank kartlaryna geçirilýär.

** Zähmet haky, pensiýa, döwlet kömek pullary, talyp we esger haklary geçirilýän “Altyn Asyr” bank kartlary hem-de “Maşgala” bank kartlary degişli. Telekeçileriň “Altyn Asyr” bank kartlaryna hem-de “Goýum bank kartlaryna” degişli däl.

    Ýurdumyzyň söwda we hyzmat edýän nokatlarynyň görnüşleriniň aşakdaky düwmä basyp (MCC kodynyň) sanawyny görüp bilersiňiz. Sanawda bellenilen söwda we hyzmat edýän nokatlarda töleg terminallar arkaly nagt däl görnüşinde hasaplaşan möçberiňizden «Cash back» hyzmatynyň degişli pul sylagy geçirilýär.

Habarlaşmak üçin telefon belgimiz: 44-03-04

Şahamçalarymyzyň salgylary we telefon belgileri bankyň resmi www.tnbk.tm internet sahypasynda ýerleşdirilen.