Hormatly müşderiler!
“Owerdraft” karzy hyzmatyny bir gezek birikdirip, bankyň hödürleýän gysga möhletleýin karz serişdelerinden zerurlygyna görä peýdalanyp bilersiňiz! Habarlaşmak üçin Türkmenistanyň «Türkmenistan» döwlet täjirçilik bankynyň Merkezi edarasyna ýa-da onuň islendik şahamçasyna ýüz tutup bilersiňiz. Türkmenistanyň «Türkmenistan» döwlet täjirçilik bankynyň Merkezi edarasy boýunça habarlaşmak üçin telefon belgisi: 44-02-62 Şahamçalaryň salgylary we telefon belgileri bankyň www.tnbk.tm resmi internet sahypasynda görkezilen. Hormatly raýatlar! Türkmenistanyň “Türkmenistan” döwlet täjirçilik banky, “Owerdraft” karzyndan peýdalanmaga çagyrýar! Türkmenistanyň «Türkmenistan» döwlet täjirçilik banky, “Altyn asyr” bank kartyny saklaýjy müşderilerine “Owerdraft” hyzmatyny birikdirmek arkaly bankyň gysga möhletleýin karz serişdelerinden peýdalanmaga mümkinçiligiň döredilendigini habar berýär. “Owerdraft” karzy, söwda we hyzmat ediş nokatlarynda töleg terminallar arkaly nagt däl hasaplaşyklar geçirilende kart hasabynyň galyndysy pese düşen halatynda awtomatiki usulda berilýän karz serişdesidir. Hyzmata laýyklykda müşderiniň bank kart hasabyna zähmet haky geçirilenden soňra, karzyň esasy bergisi we oňa hasaplanýan göterimleri awtomatiki usulda kartyň degişli hasabyndan yzyna gaýtarylýar.