Makalalar

Sanly ykdysadyýet - ösüşleriň gözbaşy

    Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ähli pudaklarynda bolşy ýaly bank ulgamynda hem uly ösüşler gazanylýar. Ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşinde bank ulgamynyň ornuny güýçlendirmek möhüm wezipeleriň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, ykdysadyýetimiziň pudaklaryny karzlaşdyrmagyň möçberini artdyrmak, banklaryň maliýe hasabatyny halkara standartlaryna geçirmek, kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek, bankara we halkara hasaplaşyk-töleg ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, bank kartlarynyň üsti bilen amal edilýan nagt däl tölegleriň gerimini giňeltmek, täze bank önümlerini ornaşdyrmak we hyzmatlaryň hilini has-da ýokarlandyrmak bank ulgamynyň öňünde durýan esasy wezipeleriň biri bolup durýar.

    Häzirki wagtda karz edaralarynda sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Sanly özgertmeler müşderlere hödürlenýän bank hyzmatlarynyň görnüşlerini hem-de milli töleg ulgamynyň mümkinçiliklerini giňeltmäge, banklaryň bäsdeşlige ukyplylygy ýokarlandyrmaga aýratyn goldaw bolup durýar.

    Şunuň bilen baglylykda, hödürlenýän hyzmatlaryň ähli ýerde tizligi hem-de elýeterliligi banklaryň we müşderileriň arasyndaky gatnaşyklary has-da ýokarlandyrýar. Ýurdumyzda internetiň ösmegi hem-de ykjam enjamlaryň iş wezipeleriniň artmagy bilen, ykjam goşundylar amatly we netijeli gurala öwrülip, «Internet bank» we «Mobil bank» ulgamy arkaly öz hasaplaryny barlamak, geçirilen amallary görmek, pul geçirimlerini amala aşyrmak we hyzmatlar üçin tölegleri tölemek, şeýle hem «onlaýn ýüz tutma» hyzmaty arkaly raýatlara karz almak ýaly amatly mükinçilikler döredildi.

    Häzirki wagtda dünýäniň öňdebaryjy ýurtlarynda aragatnaşyk tehnologiýalaryň yzygiderli kämilleşdirilmeginiň netijesinde QR-kody ulanmaklyk has giňden ýaýrady. QR-kod iki ölçegli inçe çyzykly kod görnüşinde (2D ştrihkod) bolup, ol özünde dürli maglumatlary jemleýär diýip düşündirilýär hem-de ykjam programma üpjünçiliginiň QRkoddaky maglumatlara çalt düşünmek we özgertmek ukybyny görkezýär. Ýurdumyzda QR-kod hyzmatyny ulanmak arkaly dessin hasaplaşyk ulgamyny girizmek, ýurtda täze innowasion taslamalary durmuşa geçirmeklige, milli ykdysadyýetimizi dünýäniň ösen döwletleriň derejesine çykarmaklyga mümkinçilik berýär.

    Hormatly Prezidentimiz ýaş maşgalalaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowlandyrmak üçin ýaş maşgalalara zerur bolan öý goşlaryny we hojalyk harytlaryny satyn almak üçin 3 (üç) ýyl möhletli ýyllyk 1(bir) göterim bilen 20 000 (ýigrimi müň) manada çenli karzlary bermeklik ýola goýuldy. Bu karz diňe durmuş guran ýaş maşgalalara niýetlenip hojalyk harytlaryny satyn almak üçin karzlar girew goýmazdan,üçünji taraplaryň zamun bolmagynda berilýär.

    Türkmenistanyň raýaty bolan ýokary we ýörite orta hünär okuw mekdeplerinde bilim alýan talyplara degişli okuwyň bahasyny tölemek üçin gaýtadan dikeldilýän karz ugry boýunça karzlar berilýär. Bu karzlar talyplaryň ýokary we ýörite orta hünär okuw mekdeplerinde bilim alýan döwründe açylýar. Karz ugry boýunça serişdeler nagt däl görnüşinde her ýarymýyllyk ýa-da ýyllyk okuw tölegleri üçin zerur bolan möçberde tapgyrlaýyn görnüşinde berilýär.

    Türkmen halkynyň abadançylygy, rowaçlygy ugrunda ýadawsyz tagallalary edýän, bize ajaýyp zamanada netijeli işlemäge, ýaşamaga amatly şert döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, il – ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli alyp barýan işleri mundan beýläk hem rowaç bolsun!

 

Aýgül BERDINYÝAZOWA,

Türkmenistanyň «Türkmenistan» döwlet täjirçilik

bankynyň «Sanjar» şahamçasynyň Sanly bank

tehnologiýalary we awtomatizasiýa bölüminiň esasy hünärmeni