Makalalar

Raýatlar üçin bähbitli bank hyzmatlary.

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda milli ykdysadyýetiniň ähli pudaklary we medeni-durmuş ulgamlary bilen bir hatarda, milli bank ulgamy hem düýpli ösüşlere beslenip, müşderileriň bank hyzmatlaryndan elýeterli we amatly şertlerde peýdalanmaklary üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Bu bolsa «Türkmenistanyň bank ulgamyny ösdürmegiň 2011 – 2030-njy ýyllar üçin Döwlet Maksatnamasynyň», «Türkmenistanyň Ykdysady, maliýe we bank ulgamyny ösdürmegiň 2019 – 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasynyň» iş ýüzünde öz mynasyp çözgüdini tapýandygyny görkezýär. Hormatly Prezidentimiziň yzygiderli alyp barýan parasatly syýasatynda maşgalany, eneligi we çagalygy goramak, ýaşlary goldamak, saglygy goraýyşy has ýokary götermek, raýatlarymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak wezipeleri hemişe üns merkezinde durýar we öz mynasyp çözgütlerini hem tapýar. Bu gün Garaşsyz döwletimiziň bank ulgamy, raýatlarymyza beýleki hyzmatlar bilen birlikde, dürli görnüşli, ilatyň süýşürintgilerini banklarda ýerleşdirmekde has amatly we bähbitli usullary hödürleýär.

Ilatyň pul goýumlarynyň banklarda ýerleşdirilmegi hem döwrebap bank amallarynyň iň wajyp görnüşleriniň biri bolup durýar. Türkmenistanyň karz edaralary ilatyň pul serişdelerini dürli görnüşli goýumlara çekmek boýunça hyzmatlaryny halkymyza hödürleýär. Pul serişdeleriniň banklarda ýerleşdirilmegi, möhletleri boýunça esasan iki görnüşde, ýagny, berilmegi talap edilýänçä goýum görnüşinde ýa-da belli bir möhleti göz öňünde tutmak bilen goýulýan goýum görnüşinde kabul edilýär. Talap edilýänçä saklanylmagy şerti bilen goýulýan goýumlar fiziki ýa-da ýuridik şahslar tarapyndan banka goýulýan we müşderiniň talap eden pursatynda oňa gaýtarylyp berilmegi kepillendirilen goýum görnüşidir. Goýumyň bu görnüşinde möhlet kesgitlenilmeýär, goýumyň möçberi çäklendirilmeýär, goýum hasabynyň üstüniň islendik wagtda doldurylmagyna, şeýle hem islendik wagtda goýumyň hemmesiniň ýa-da onuň belli bir böleginiň hasaplanylan göterimleri bilen birlikde gaýtarylyp alynmagyna ýol berilýär. Belli bir möhleti göz öňünde tutmak bilen goýulýan goýumlarda bolsa, goýumyň göterim derejesi has ýokary bellenilýär. Möhletli goýum şertnamalary köplenç halatda üç aý, alty aý ýa-da bir ýyl möhlete baglaşylýar, goýuma hasaplanyljak göterimleri her aýda almaga mümkinçilik döredilýär.

Dürli ýaşdaky raýatlara degişli bolan, nagt we nagt däl görnüşinde çekilýän goýumlara mysal hökmünde «Pensiýa», «Ruhubelent nesiller», «Watan gerçekleri», «Möhletli», «Zenan kalby», «Täze manat – täze durmuş», «Çagalara niýetlenen maksatly goýum», «Ene-atalar hakynda alada», «Halkyň saglygy-Watan baýlygy», «Çagalar-biziň geljegimiz», «Bähbitli» ýaly bank goýumlaryny görkezmek bolar.

Şonuň ýaly-da ýurdumyzyň karz edaralarynda hereket edýän «Goýum bank karty» goýumy hem raýatlar üçin bähbitli goýumlaryň biridir. Ol fiziki şahslar tarapyndan bankda açylan «Altyn asyr» töleg karty hasabyny açmak arkaly bu hasaba nagt we nagt däl görnüşinde goýlup, islendik wagtda talap edip alyp bilinýän pul serişdeleridir. Goýumlaryň banklara ýerleşdirilmegi, ilatyň süýşürintgileriniň iň ynamdar görnüşde we gizlin saklanylmagy, goýum hasaplarynda ýygnanan pul serişdelerinden islendik görnüşdäki tölegleriň geçirilip bilinmegi, hasaplanyljak göterimleriň hasabyna goýumyň möçberiniň yzygiderli artmagy, islendik wagtda pul serişdeleriniň yzyna gaýtarylyp alnyp bilinmegi babatda ilat üçin örän bähbitli bank amaly bolup durýar. Raýatlaryň goýumlarynyň 2016-njy ýylyň oktýabr aýynda güýje giren «Fiziki şahslaryň goýumlarynyň hökmany kepilligi hakynda» Türkmenistanyň Kanuny esasynda doly kepillendirilendigini hem bellemek bolar.

Biziň raýatlarymyza yzygiderli hödürleýän hyzmatlarymyzda iň esasy zat ilatyň pul süýşürintgilerini bankda ýerleşdirmegiň, ilkinji nobatda, her bir adamyň bähbitlerine gönükdirilendigi, ol hyzmatlaryň her biriniň juda amatlydygy bolup durýar. Hut şonuň üçin hem halkymyzyň ähli babatlarda eşretli durmuşda ýaşamagyny, ata Watanymyzyň dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna ynamly goşulmagyny maksat edinip, il-ýurt bähbitli ägirt uly işleri yzygiderli we üstünlikli amala aşyrýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza berk jan saglyk, uzak ömür, alyp barýan il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işlerinde hemişe rowaçlyklary arzuw edýäris! Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyny buýsanç bilen başdan geçirýän, bagtyýar şu günlerimizden nurana ertirlerimize ynamly gadam urýan raýatlarymyzy bolsa biziň bank hyzmatlarymyzdan netijeli peýdalanmaga çagyrýarys!

 

Aýbibi BAÝRYÝEWA,

Türkmenistanyň «Türkmenistan» döwlet täjirçilik bankynyň

«Balkan» şahamçasynyň Goýum amallary, pensiýa

we döwlet kömek pul tölegleri bölüminiň başlygy